BMG Türkmenistanyň çagalaryň hukuklary boýunça hasabatyna sereder.
BMG-niň Çagalaryň hukuklary boýunça komiteti indiki hepdede Türkmenistanyň çagalaryň hukuklary boýunça hasabatyny diňlär.
BMG-niň Adam hukuklary boýunça baş komissarynyň edarasynyň ýaýradan resmi maglumatyna görä, Türkmenistan boýunça sessiýa 13-nji ýanwarda we 14-nji ýanwarda Ženewada geçiriler.
Türkmenistan Çagalaryň hukuklary boýunça konwensiýany tassyklan 194 ýurduň biri bolup, onuň hasabatlaryna 18 sany garaşsyz bilermeni öz içine alýan komitet tarapyndan yzygiderli seredilmegi zerur diýip, resmi beýannamada bellenilýär.
Gozgaljak meseleler
Habar berlişine görä, Türkmenistanyň kanun taýdan durmuşa geçirýän dokumentleriniň arasynda çagalaryň söwdasy, çagalaryň ten satmaga mejbur edilmegi we çaga pornografiýasy boýunça fakultatiw protokola, şeýle-de çagalaryň ýaragly konfliktlere gatnaşmagyna degişli fakultatiw protokola hem serediler.
Çagalaryň hukuklary boýunça komitetiň we türkmen hökümetine wekilçilik edýän resmi toparyň arasynda maslahat edilip bilinjek meseleleriň içinde: ýetginjekleriň arasynda HIW/AIDS (WIÇ/SPID) barada bilimi artdyrmak; ýetginjekleriň arasynda öz janyna kast etmek derejesiniň ýokarlanmagy; Aral krizisiniň onuň golaýynda ýaşaýan çagalara ýetirýän täsiri; milli azlyklardan bolan çagalaryň haklary; kämillik ýaşyna ýetmedikler babatynda kanun jogapkärçiligi; çaga söwdasy, çagalaryň ten satmaga mejbur edilmegi we çaga pornografiýasy üçin suda çekmek we jezalandyrmak, ejir çeken çagalary anyklamak we olara ýardam bermek; şeýle-de, ýurduň harby mekdeplerinde we harby ýokary okuw jaýlarynda bilim alýanlaryň harby dissiplina we jezalandyrmalara sezewar edilmezligi ýaly meseleleriň gozgaljakdygy BMG-niň beýannamasynda aýdylýar.
BMG-niň Adam hukuklary boýunça baş komissarynyň edarasynyň ýaýradan resmi maglumatyna görä, BMG-niň Çagalaryň hukuklary boýunça komitetiniň Türkmenistan boýunça sessiýasy 13-nji ýanwarda (Aşgabat wagty bilen sagat 19:00-22:00 aralygynda) we 14-nji ýanwarda (Aşgabat wagty bilen sagat 14:00-22:00 aralygynda) geçiriler we onuň geçip duran wagtynda ony internet arkaly göni efirde görüp bolar. (http://www.treatybodywebcast.org/)
Çagalaryň hukuklary boýunça komitetiň Türkmenistana we beýleki ýurtlara berjek synynyň jemleri 4-nji fewralda çap ediler.
Türkmenistan bilen bilelikde çagalaryň hukuklary boýunça Kambojanyň, Gambianyň, Ýamaýkanyň, Kolumbiýanyň, Şweýsariýanyň, Dominikan Respublikasynyň, Şwesiýanyň, Mauritiusyň, Tanzaniýanyň, Urugwaýyň we Yragyň ýagdaýyna serediler.
Türkmenistanyň hasabaty
Türkmenistan Çaga söwdasyna, çagalaryň ten satmaga mejbur edilmegi we çaga pornografiýasyna degişli fakultatiw protokola 2005-nji ýylyň 28-nji martynda goşuldy.
Türkmenistanyň bu protokola laýyklykda beren ozalky hasabatynda çagalar barada aladalaryň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi aýdylýar we agzalan konwensiýanyň talaplarynyň milli kanunlarda göz öňünde tutulandygy aýdylýar. BMG-niň Çagalaryň hukuklary boýunça komitetinde Türkmenistanyň hasabaty ilkinji gezek 2006-njy ýylyň 24-nji maýynda diňlenipdi.
Türkmenistan Çagalaryň hukuklary boýunça konwensiýany 1994-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda tassyklady.