Pariždäki atyşykda 12 adam öldürildi

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Parižde pidalara raýdaşlyk görkezildi

Fransuz polisiýasy Pariždäki «Charlie Hebdo» satiriki žurnalynyň binasynda bolan atyşykda azyndan 12 adamyň öldürilendigini aýdýar. Öldürilenleriň arasynda iki sany polisiýa ofiseri, bir žurnalist hem bar.

Polisiýa 7-nji ýanwarda, žurnala Muhammet pygamberiň karikaturalaryny çap edenligi üçin atylan ençeme haýbatdan soň bolan atyşykda, öldürilenlerden başga, 10 sany adamyň ýaralanandygyny, olaryň käsiniň ýagdaýynyň agyrdygyny hem habar berdi.

Hadysanyň bolan ýerine gelen prezident Fransua Olland žurnalistlere munuň «terror aktydygyny» aýtdy:

"Bu ýerde, Parižde, azatlygyň özeni bolan neşiriň garşysyna akyla sygmajak wagşyýana bir [iş] amala aşyryldy."

Fransiýa özüniň hüşgärlik durumyny iň ýokary derejesine – «Hüjüm derejesine» galdyrdy we Olland soňky hepdelerde birnäçe terror hüjüminiň öňüniň alnandygyny aýtdy.

"Bize azatlyk ýurdy bolanymyz üçin haýbat atyldy» diýip, ol aýtdy.

Ollandyň şu gün giçlik hökümetiň adatdan daşary maslahatyny geçirjegi aýdylýar.

CNN iki sany ýaragly adamyň bina girip, tüpeň atyp başlandygyny we bu atyşygyň bäş minut çemesi dowam edendigini habar berdi.

Şaýat Benoit Bringer ýerli telewizion stansiýa şeýle diýdi: “Ýarym sagat çemesi öň kellesi gara örtüli, elleri kalaşnikowly iki adam bina gelip girdi. Birnäçe minut soň biz kän tüpeň sesini eşitdik.»

Soň ol bu adamlaryň binadan gaçyp çykanynyň görlendigini aýtdy.

Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron twitterde bu hüjümi ýazgaryp çykyş etdi:

"Pariždäki ganhorluk aňryňy bärik getirýär. Biz terrora garşy göreşde we metbugat azatlygyny goramakda fransuz halky bilen egin-egne berip durus» diýip, ol öz twitinde aýtdy.

«Charliýe Hebdo» satiriki žurnaly 2006-njy ýylyň fewralynda, Muhammet pygamberiň owal-başda Daniýanyň «Jyllands-Posten» gazetinde peýda bolan karikaturalaryny göçürip çap etmek bilen, musulman dünýäsini gazaba mündürmek arkaly ýakasyny tanadypdy.

Bu žurnalyň ozalky edara jaýy 2011-nji ýylyň noýabrynda, "Charia Hebdo" diýen sözbaşy astynda, daşky jildinde Muhammet pygamberiň karikaturasy ýerleşdirilen sanyny çap edenden soň oda berlipdi.

Jynsparazlyga garşy kanunçylyk esasynda suda çekilendigine garamazdan, bu hepdelik musulman pygamberi baradaky dawaly karikaturalary çap etmegini dowam etdirdi.

«Charlie Hebdo» 2012-nji ýylda, Birleşen Ştatlarda çykarylan we pygamberi masgaralan «Musulmanlaryň bigünäligi» atly arzan bahaly film sebäpli birnäçe ýurtda zorlukly protestler guralýan wagtynda Muhammediň ýalaňaç karikaturasyny çap edipdi.

Onuň soňky, 7-nji ýanwaryň säherindäki twitinde «Yslam döwleti» jeňçi toparynyň lideri Abu Bakr al-Bagdadanyň karikaturasy bardy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.