Türkmen görnüşleri - 1-nji hepde

Aşgabadyň eteginde ýerleşýän täze awtomenzildäki ýolagçy otlularynyň kassalary. Demirýol kassalary Çoganly şäherçesindäki awtomenziliň binasyna geçirilensoň, kassalarda ýolagçylar seýrek duş gelýär.

Aşgabatda gyzyny Täze Ýyl ýolkasyndan alyp gelýän ene. Şu  günler Täze Ýyl ýolkasyna gatnaşmak üçin ak köýnek  geýnen gyzjagazlary Aşgabadyň köçelerinde görmek bolýar. Şol bir wagtyň özünde bu egin-eşikleri dikdirmegiň ýa-da almagyň  ene-atalaryň gerdenine düşýändigi we munuň käbir maşgalalara agram salýandygy aýdylýar.

Ulanyşdan galan awtoulag. Türkmenistanyň obadyr-şäherlerinde SSSR döwründen galan köne markaly awtoulaglar ulanylmasa-da, ýaşaýyş jaýlaryň howlularynda saklanylýandygy aýdylýar.

Serhetabat-Aşgabat ýolagçy otlusynyň geçelgelerinde sapar edýän ýolagçylar. Türkmenistanda bilet ýetmezçiligi sebäpli, käbir ýolagçylaryň geçelgelerde sapar edýändigi aýdylýar. 2014-nji ýylyň 1-nji noýabryndan başlap, Türkmenistanda otly biletleriniň gymmatladylandygyna garamazdan, ýolagçylaryň otly biletlerini ýeterlik derejede tapyp bilmeýändigi bellenilýär.

Aşgabatda täze açylan “Berkarar” söwda merkezine degişli taksi.

Çoganly şäherçesiniň 2241- 1 belgili köçesi. Çoganly şäherçesiniň ähli künjeginde diýen ýaly asfaltlanmadyk köçeleri görse bolýar. Ýagyş ýaganda, batgaly ýolarda ýaşaýjylaryň kösenýändigi aýdylýar.

Paýtagt Aşgabadyň Köpetdag etrap häkimliginiň awtoulaglary ýöriteleşdirilen awtoduralgalarda goýmak barada çap eden bildirişi. Türkmen resmileriniň awtoulaglary ýöriteleşdirilen awtoduralgalarda goýdurmak ugrunda edýän tagallalaryna garamazdan, Aşgabadyň köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň öňünde, ýanýodalarda ulgalaryň goýulýandygyny görse bolýar.

Aşgabatda tamdyrda bişýän türkmen çörekler.