Türkmenistanyň Merkezi banky ýurduň milli pul birliginiň amerikan dollaryna bolan gatnaşygyny üýtgetdi we benziniň bahasyny ep-esli ýokary göterdi.
1-nji ýanwarda türkmen bankynyň websahypasynda berlen maglumatda 1 amerikan dollarynyň 2,85 manatdan 3,50 manada barabar bolandygy habar berildi. Bu türkmen manadynyň amerikan dollaryna bolan gatnaşygynyň 18% pese gaçandygyny aňladýar.
Maglumatlarda 1-nji ýanwarda paýtagt Aşgabatdaky, şol sanda aeroportdaky pul alyş-çalyş nokatlarynyň we banklaryň ählisiniň ýapylandygy habar berilýär.
Bu aralykda, Türkmenistanyň Nebit-gaz senagaty ministrligi benziniň bahasynyň 60% ýokarlandyrylyp, 1 litr benziniň 1 manada barabar edilendigini mälim etdi.
Türkmenistanyň hökümeti türkmen manadynyň amerikan dollaryna bolan gatnaşygynyň üýtgedilmegi ýa-da benziniň bahasynyň ýokarlandyrylmagy barada resmi taýdan kommentariý bilen çykyş etmedi.