Kadyrow söweşijilere garşy täze taktika ulanýar

Çeçenistanyň Kreml tarapyndan goldanylýan lideri Ramzan Kadyrow söweşijilere garşy göreşmekde täze taktikany durmuşa geçirjekdigini aýdýar.

1-nji ýanwarda Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz regionyndaky hökümetiň resmi websahypasynda çap edilen maglumata görä, howpsuzlyk güýçleriniň aýry-aýrylykdaky komandirleri hökümet tarapyndan gözlenilip, şübhe bildirilýän anyk şahslary gözläp-tapmak üçin borçlandyrylar.

“Bu netijeli usuldyr. Ol oňat netijeleri gazandyrar. Biz Çeçenistany zandyýamanlardan doly arassalarys” diýip, Kadyrow belledi.

Tankytçylar Kadyrowyň kontrollugyndaky güýçler tarapyndan ulanylýan rehimsiz taktikalaryň gozgalaňy has-da möwjetjekdigini aýdýarlar.