Ýurtlaryň durnuklylygy nähili?

Gowşak ýurtlaryň Indeksi atly hasabatyň baş sahypasy, 2014.

Parahatçylyk Fondunyň 2014-nji ýyl boýunça çap eden Gowşak ýurtlaryň Indeksi atly hasabatynda Türkmenistan dünýäde iň yzagalak diýlip hasap edilýän Benin döwleti bilen bilelikde 74-nji setirde ýerleşdirildi.

Hasabatda ýurtlaryň durnuklylygynyň we ýüzbe-ýüz bolýan basyşlarynyň derejesi boýunça 178 döwlete baha berlip düzülen bu sanaw beýleki halkara sanawlardan tapawutlylykda, iň gowşak ýurtlardan başlanýar.

Şeýlelikde ilkinji setirlerde Günorta Sudan we Somali durýar, olara, göz öňünde tutulan maksimal 120 balldan 112.9 we 112.6 ball berilýär. Dünýä ýüzünde iň durnukly ýurt hökmünde 18.7 balla eýe bolan Finlýandiýa diýlip görkezilýär. Türkmenistanyň bolsa 78.2 balla eýe bolandygy aýdylýar.

Baha nämä esaslanylýar?

Hasabatda ýurtlar dört topara, ýagny, alada döredýän, duýduryş derejesindäki, durnukly we kadaly ýurtlara bölünýär. Bu bölünişige laýyklykda, Türkmenistan duýduryş derejesindäki ýurtlaryň arasyna girýär.

Hasabat ýurtlaryň ýagdaýyny sosial-ykdysady we syýasy-harby indikatorlar bolan 12 sany şertiň esasynda kesgitleýär. Olaryň arasyna demografik ýagdaý, bosgunlar, adam başyna düşýän umumy içerki önümçilik derejesi, ykdysady ösüşiň deňagramlylygy, adam hukuklary, bilimli adamlaryň ýurtdan gitmegi, garyplyk we ykdysady peseliş, döwletiň kanuna hormat goýmagy, jemgyýetçilik hyzmatlary we daşary ýurtlardan abanýan howplar ýaly kriteriler göz öňünde tutulýar.

Hasabatda 2013-2014-nji ýyllarda Türkmenistanyň ýagdaýy has ýaramazlaşan ýurtlaryň hataryna girendigi aýdylýar, ýagny Türkmenistan 81-nji ýerden 74-nji setire geçipdir.

Öňki tejribe

Şol bir wagtda-da hasabatda, ýurtlaryň soňky on ýylyň dowamyndaky ýagdaýyna berlen bahalara laýyklykda, 2005-2013-nji ýyllaryň aralygynda Türkmenistan durnuklylyk we ýüzbe-ýüz bolunýan kynçylyklara garşy durmak ukybynyň derejesi boýunça üstünlikli ýurtlaryň hatarynda bolupdyr. Türkmenistanyň şol döwürde görkezen ösüş derejesi 7.9 ball diýlip kesgitlenipdir.

BMG-ä degişli Parahatçlyk Fondy konfliktleriň öňüni almak, şeýle-de milletara howplar, durnukly ösüş we howpsuzlyk ugurlaryndan baha bermek boýunça iş alyp barýar.