Internet kanunyndan nämä garaşmaly?

Internet portaly dolandyrýan edara, 30-njy dekabr, 2014.

Türkmenistanda Internet hakynda kanun güýje girdi. Kanunyň Türkmenistanda internetiň ösüşi bilen bagly gatnaşyklaryň kanun esaslaryny düzgünleşdirýändigi we Türkmenistanyň giňişliginde internet hyzmatlary bilen üpjün etmek ugrundaky işleriň kanun esaslaryny kesgitleýändigi resmi maglumatlarda habar berildi. Täze kanunda prezidentiň kemsidilmeginiň öňüni almak boýunça düzgün hem göz öňünde tutulýar.

Azatlyk Radiosy kanunyň käbir jikme-jik taraplaryna ünsi çekip, internet we media boýunça orsýetli garaşsyz bilermen Oleg Kozyrew bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň Internet baradaky kanunynda internet hyzmatlary bilen üpjün etmegiň jogapkärçiligine degişli 7-nji maddasynyň 3-nji punktunda, hususan-da, Türkmenistanyň prezidenti barada kemsitmeli ýa-da töhmetli maglumatlary Internet arkaly ýaýratmagyň jogapkärçiliginiň göz öňünde tutulýandygy aýdylýar. Şuňa meňzeş tejribeler başga ýurtlarda hem barmy?

Oleg Kozyrew: Prezidente degişli şeýle çäklendirmeler ýa-da jogapkärçilik , Orsýetiň kanunlarynda meniň gözüme ilmedi. Emma Orsýetde, meselem, döwlet resmilerine, ýa-da wezipe borçlaryny ýerine ýetirýänlere dil ýetirmek üçin jogapkärçilik göz öňünde utulýar. Köpçülige mälim bolan wakalaryň biri – Sawa Terentýewiň internet arkaly milisionerleriň göwnüne degendigi üçin onuň suda çekilmegidir. Şeýle-de oppozision lider Alekseý Nawalna garşy käbir syýasatçylaryň we deputatlaryň Internetdäki kemsitmeler bilen baglylykda suda ýüz tutmalary hem kanagatlandyrylypdy. Ýöne prezidente degişli jogapkärçilik Orsýetde göz öňünde tutulmaýar, emma ol wezipedäki islendik resmiler bilen deň derejede teoriýa taýdan özüni gorap, suda ýüz tutup bilýär.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň Internet baradaky kanunynyň jogapkärçilik baradaky maddasynyň ýene bir ýerinde internet hyzmatlaryny üpjün edýän operatordan daşgary internet maglumatyny almak ýa-da bermek, şeýle-de maglumatyň kriptografik goragyny ulanmak üçin hem jogapkärçilik göz öňünde tutulýar? Has düşnükli edip aýdylanda, agzalan çäklendirmeler nämä degişli?

Oleg Kozyrew: Meniň pikirimçe, bu proksi serwerlere, skaýpa, torsif ýaly sistemalara degişli bolup biler, şeýle-de bu internetde anonimligiň soňuna çykmak boýunça tagallalaryň gürrüňi bolmagy-da mümkin.

Azatlyk Radiosy: Internet baradaky kanunyň maksady näme bolup biler?

Oleg Kozyrew: Umuman, şeýle kanunlar ilkinji nobatda öz-özüňi senzurlamaga iteklemek üçin niýetlenýär. Sebäbi bu çäre prowaýderleriň, internet portallaryň eýeleriniň töwekgelçilige baş goşman, gadagan edilen çykyşlara ýol bermezligini gazanmak maksadyny öz öňünde goýýar. Emma muny etmek hem kyn. Sebäbi Internet örän giň we çylşyrymly ulgam bolansoň prowaýderlere, olar muny isläýenlerinde-de, ähli komentarileri yzarlamak gaty kyn. Şonuň üçin, meselem, Orsýetde käbir portallar pikir alyşylýan forumlary indi doly ýapdylar.

Azatlyk Radiosy: Gürrüňi edilýän çäklendirmeleri öz içine alýan Internet baradaky kanundan Türkmenistanda internet ulanyjylar nämä garaşmaly diýip pikir edýärsiňiz?

Azatlyk Radiosy: Meniň pikirimçe, ilkinji nobatda pikir alyşmak üçin portallary döredýänlere basyş güýçlener. Bu sosial ulgamlar we dürli habar serişdelerindäki forumlar bolup biler. Sebäbi islendik diskussiýada syýasat barada gürrüň başlananda, prezident hem hökman agzalar, sebäbi islendik ýurtda syýasaty hut prezident kesgitleýär. Şeýlelikde islendik tankyda kemsitme we töhmet hökmünde seredilip, hem internet ulanyjy suda çekilip bilner, hem-de internet portallar, saýtlar ýapylyp bilner.