Türkmenistanyň energiýa netijeliligine pes baha berildi

Türkmenistanyň Energiýa boýunça milli institutynyň sergisi, Aşgabat

Türkmenistan öz energiýa ulgamynyň gurluşynyň netijeliligi boýunça dünýä derejesinde iň gowşak ýurtlaryň arasynda agzaldy.

Dünýä ykdysady forumy guramasynyň çap eden Global energiýa arhitekturasynyň netijeliliginiň indeksi (EAPI) atly hasabatyna görä, Türkmenistan 125 ýurduň arasynda 93-nji ýerde ýerleşýär. Bu bolsa, hususan-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda iň pes görkeziji bolýar. Hasabatda Täjigistan 49-njy, Gazagystan 58-nji, Özbegistan 78-nji we Gyrgyzystan 87-nji ýerde görkezilýär.

Görkezijiler

Dünýä ýurtlarynyň energiýa gurluşynyň netijeliligine ykdysady ösüş we özgeriş, ekologik taýdan durnuklylyk we energiýanyň elýeterliligi hem howpsuzlygy nukdaýnazaryndan baha berilýär. Türkmenistanyň hasabatdaky umumy görkezijisi göz öňünde tutulan 0.80 balldan 0.52 diýlip kesgitlenýär.

Kategoriýalar boýunça Türkmenistana ykdysady ösüş taýdan maksimal 0,79 balldan 0.32, ekologik taýdan durnuklylygy boýunça 0.87 balldan 0.46 we energiýanyň elýeterliligi hem howpsuzlygy boýunça 0.96 balldan 0.77 ball berlipdir.

Global energiýa arhitekturasynyň netijeliliginiň indeksine görä, Şweýsariýa, Norwegiýa, Fransiýa, Täze Zellandiýa, Şwesiýa iň ösen ýurtlar hasaplanýar. Hasabata görä, iň pes görkezijiler Tanzaniýa, Mongoliýa we Ýemene degişli.

Hasabatyň maksady

Energiýa arhitekturasynyň netijeliliginiň indeksi ýurtlaryň energiýa sistemalaryna degişli kabul edýän kararlary üçin maglumat bilen üpjün etmek we hökümetlere energiýa sistemalarynyň netijeliligini artdyrmak boýunça ýardam bermek maksadyny öz öňünde goýýar.

Dünýä ykdysady forumy guramasynyň maglumatyna görä, Energiýa arhitekturasynyň netijeliliginiň indeksi atly hasabat öňegidişliklere syn etmäge we her bir regionyň, her bir ýurduň ýüzbe-ýüz bolýan aýratyn kynçylyklary nukdaýnazaryndan täze mümkinçilikleri döretmäge kömek berýän aýdyň we deňeşdirmek üçin degerli maglumatlar bilen üpjün edýär.