Türkmen görnüşleri - 52-nji hepde

Täze Ýyl arçasynyň töwereginde geçirilýän çärelere gatnaşmaga barýan çagalar. Täze Ýyl mynasybetli geçirilýän çärelere gatnaşýan çagalardan ak reňkdäki egin-eşigiň talap edilýändigi aýdylýar. Şol bir wagtyň özünde bu ak egin-eşikleri satyn almak meselesiniň çagalaryň ene-atalarynyň gerdenine düşýändigi we munuň maşgala býujetine agram salýandygy aýdylýar.

Aşgabadyň 6-njy kiçi etrapçasynda itini gezelenje çykaran pensioner zenan

Sowet döwründe meşhur bolan kiçi awtoulag. Belli bir döwür Türkmenistanda “owadan” diýlip atlandyrylýan awtoulag nomerlerini aýyrmak boýunça resmiler tarapyndan kampaniýa geçirilipdi. Şol çäräniň netijesinde “owadan” diýlip atlandyrylýan awtoulag nomerleriniň ençemesi aýyrdylypdy.

Aşgabat şäheriniň 9-njy mikroraýonyň çäginde ulanyşdan galan tamdyr. Türkmenistanda ýaşaýjylaryň käbirleri öz howlularynda ýa-da köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň aşagyndaky meýdançalarda tamdyr gurup, türkmen çöregini bişirýärler. Şol bir wagtyň özünde türkmenleriň arasynda tamdyr ýykmaklyga oňaýsyz hem garalýar.

Şu ýyl Aşgabadyň “Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy” atly seýilgähinde Türkmenistanyň ilkinji prezidenti S.Nyýazowyň ýadygärligi oturdyldy. 2014-nji ýylyň 21-nji dekabrynda bu ýadygärlige prezident G.Berdimuhamedow gül goýdy we bu ýerde S.Nyýazowy ýatlamak çäresi geçirildi.

Aşgabatda harby esgerler awtobusda sapar edýärler. Türkmen esgerleriniň harby bölümlerden beýleki bir sebite hereket edenlerinde jemgyýetçilik transportlaryndan peýdalanýandygy habar berilýär.

Aşgabadyň ýaşaýyş jaýlaryna agyz suwuny getirýän ýörite agyz suw kompaniýasynyň awtoulagy. Paýtagtyň käbir ýaşaýjylarynyň ýaşaýyş jaýlarynda akdyrylýan agyz suwuny içmän, ýörite agyz suw kompaniýalaryndan suw satyn alyp içýändigi habar berilýär.