AÝ/AR-nyň Bakuwdaky býurosyna Azerbaýjanyň prokuraturasynyň agzalary tarapyndan reýd edildi. Olar býuronyň işgärlerinden binany terk etmegi talap etdiler we işiň bes edilýändigini aýtdylar.
Azatlyk Radiosynyň Azerbaýjan gullugynyň müdiri Kenan Aliýew prokuraturanyň azyndan 10 agzasynyň ýaragly polisiýa ofiserlerini ýanyna alyp, ýerli wagt bilen ir sagat 10:30-da býuro güýç bilen girendigini gürrüň berdi.
AÝ/AR-nyň býurosynda bolan ýagdaý
Prokuratura işgärleri AÝ/AR-nyň Azerbaýjan gullugynyň daşary ýurtlardan maliýeleşdirilýän gurama hökmünde barlanmagy bilen baglylykda býuroda gözleg işlerini geçirmek üçin özlerinde suduň kararynyň bardygyny aýtdylar.
Olaryň dokumentleriň we işgärlere degişli kagyzlaryň saklanýan seýfiň açylmagyny talap edendikleri we ähli kompýuterleri almak haýbatyny atandyklary aýdylýar. Şeýle-de olar işgärleri ençeme sagatlap telefonsyz we kompýutersiz saklandan soň, olaryň binany terk etmegini talap edipdirler.
Diňe býuronyň ýolbaşçysy, iki işgäri we aklawçy býuronyň içinde galypdy. Yzýany býronyň gapysy we emlägi möhürlenip, käbir işgäriň sorag etmek üçin resmiler tarapyndan äkidilendigi habar berildi.
Prokuratura işgärleri býuronyň işiniň togtadylýandygyny aýtdylar, emma munuň näçe wagta çekjekdigini takyklamadylar.
“Daşary ýurt obýektleri”
Azerbaýjanyň prokuraturasynyň işgärleri soňky aýlarda şuňa meňzeş reýdleri ”daşary ýurt obýektleri” diýlip atlandyrylýan beýleki guramalaryň ençemesine, şol sanda hökümete degişli bolmadyk IREX, Milli demokratik institut we Oxfam ýaly guramalara geçirdiler.
Netijede hökümete degişli bolmadyk bu guramalaryň üçüsi-de ýapyldy.
Dünýäniň 125 ýurdunda işleýän we demokratik reformalary wagyz edýän IREX guramasy, Azerbaýjanyň häkimiýetleri tarapyndan öz bank hasaplary doňdurylandan soň, sentýabr aýynda öz işini duruzdy. Azerbaýjanyň resmileri bu işi “jenaýat derňewiniň” bir bölegi hökmünde häsiýetlendirdiler.
AÝ/AR-nyň býurosyna edilen bu reýd Radionyň derňewçi žurnalisti Hadija Ismaýilowanyň Bakuwda öz alyp baran işi bilen baglylykda tussag edilmeginden üç hepde geçensoň amala aşyryldy.
Ismaýilowanyň işi
Häzirki wagtda Ismaýilowa Azatlyk Radiosynyň öňki işgärini öz janyna kast etmäge ündemekde aýyplanyp çekilen jenaýat işi boýunça suddan öňki tussaglykda saklanýar.
Ismaýilowanyň goldawçylary aýyplamalary ret edip, olaryň syýasy sebäpler bilen baglydygyny aýdýarlar. Amnesty International guramasy Ismaýilowany “oz söz azatlygyna bolan hukugyndan peýdalanan” wyždan ýesiri diýip atlandyrdy.
17-nji dekabrda Bakuwyň prokuraturasy AÝ/AR-nyň Bakuwdaky býurosyna hat ýollap, Ismaýilowa we onuň öňki kärdeşi barada, şeýle-de olaryň aýlyklary hakda maglumat sorady.
Şeýle-de ol bu iş boýunça mümkin bolan sorag edişligi geçirmek üçin býuronyň ähli işgärleriniň, şol sanda ştatdan daşary habarçylarynyň atlaryny sorady.
Azatlyk Radiosynyň Azerbaýjan gullugynyň müdiri Kenan Aliýew 26-njy dekabrda edilen reýdiň awtokratik ýurtda garaşsyz habar berýän soňky çeşme bolan býurony ýapmak ugrunda dowam edýän basyşyň bir bölegidigini aýtdy.
Kenan Aliýew bu waka şeýle baha berdi: "Bakuwda biziň býuromyzyň işi doňduryldy. Azerbaýjanda media we hökümete degişli bolmadyk guramalara uzak wagt bäri basyş edilýär, şol sanda biziň gepleşigi alyp baryjy we gatnaşyjy [žurnalistimiz] Hhadija Islamýilowa tussag edildi. Biz muňa garaşsyz media garşy kampaniýanyň bir bölegi hökmünde seredýäris”.
Resmileriň garaýyşy
Dekabryň başynda Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýewiň administrasiýasynyň ýolbaşçysy Ramiz Mehdiýew 60 sahypalyk beýanat çap etdi we Ismaýilowany “Azerbaýjan jemgyýetiniň tanymal agzalary babatynda ýaramaz pikiri döretmekde” aýyplady hem-de AÝ/AR-nyň Azerbaýjan gullugyny “daşary ýurt gulluklarynyň” peýdasyna işlemekde günäledi.
Şeýle-de Mehdiýew beýleki azerbaýjanly žurnalistleriň we aktiwistleriň, şol sanda ”Parahatçylyk we demokratiýa institutynyň” müdiri we adam hukuklary meselesinde Alyýewiň tankytçysy Leýla Ýunusyň tussag edilmegini makullady.
59 ýaşly Ýunus we onuň adamsy Arif iýul we awgust aýlaryndan bäri suddan öňki tussaglykda saklanýarlar. Olara garşy watana dönüklik we beýleki aýyplamalar esasynda iş gozgaldy.
Süýjülik we böwrek kesellerinden ejir çekýän Leýla Ýunus tussaglykda özüne fiziki taýdan basyş edilýändigini we medisina hyzmatynyň berilmeýändigini aýdýar. Aklawçysy Leýla Ýunusyň saglygynyň agyr ýagdaýdadygyny aýtdy.
Günbatar energiýa baý Azerbaýjanyň hökümetini öz tankytçylaryna garşy gysyşy güýçlendirmekde aýyplady.
ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň kömekçisi Tom Malinowskiniň geçen hepdede AÝ/AR-a aýtmagyna görä, Waşington Ýunuslaryň, Ismaýilowanyň we beýlekileriň tussaglygy bilen baglylykda Azerbaýjanyň resmileri bilen “örän berk diskussiýa” edýändigini aýtdy.
Malinowskiý ABŞ-nyň resmileriniň “raýat jemgyýetçiligine edilýän basyş sebäpli Azerbaýjanyň ABŞ bilen gatnaşyklarynyň howp astyndadygy” barada anyk aýdandyklaryny belledi.