Türkmen görnüşleri - 51-nji hepde

Aşgabatda täze doglan çagany we onuň ejesini keselhanadan alyp gaýtmak üçin niýetlenen awtoulag. Soňky ýyllarda türkmenleriň arasynda täze dünýä inen çagany we onuň ejesini gelinalyja meňzeş edilip bezelen ulagda keselhanadan çykarmak täze däbe öwrülendigi aýdylýar. Suratda keselhanadan täze doglan çagany we onuň ejesini alyp gaýtmaga taýýarlyk görýän maşgalany görýärsiňiz.

Aşgabadyň “Çoganly” raýonynda kanalizsiýa ulgamy geçýän agzy açyk çukurlaryň biri. Käbir köçerlerdäki agzy açyk çukurlaryň öňünde duýduryş berýän belginiň ýerleşdirilmeýändigi ýa-da onuň töwereginde howpsuzlyk şertleriniň üpjün edilmeýändigi aýdylýar.

Aşgabadyň 9-njy kiçi etrapçasynda ulanyşdan galan köne markaly awtoulag. Ulanyşdan galan käbir awtoulaglaryň ýörite köne ulaglaryň saklanylýan ýerine alnyp gidilmän, ençeme ýyllar ýaşaýyş jaýlaryň howlusynda saklanylýan pursatlaryny görse bolýar.

Zir-zibilleri dörüp, özüne azyk önümleri gözleýän gartaşan zenan. Türkmenistanyň käbir sebitlerinde gartaşan käbir zenanlaryň zir-zibillerden azyk önümlerini gözleýän pursadyny görse bolýar.

Aşgabadyň köp ilatly etrapçalarynyň birinde öz gyz jigilerini tigirde gezelenç etdirýän ýetginjek.

Öýlän arakesmesinde garbanýan ýük ulag sürüjileri. Türkmenistanyň üstünden tranzit geçýän ýük ulaglaryň sürüjileriniň öýlän arakesmede öz ulaglaryny saklap, garbanýan pursatlaryna duşe gelse bolýandygy aýdylýar.

Paýtagt Aşgabatda täze gurlan binalarynyň biriniň basgançaklaryndan aşak düşüp barýan türkmen ýaşulusy. Soňky ýyllarda gurulýan binalaryň käbirleriniň beýikde gurulýandygy sebäpli, binanyň birinji gatyna çykmak üçin ep-esli basgançagy aşyp, ýokary çykmaly bolýandygy aýdylýar.

Aşgabadyň golaýynda eşekli serhede garawullyk edýän türkmen esgerleri.

Aşgabadyň wokzalynda öz sapar etjek otlusynyň gelmegine garaşýan pursady uklap galan ýolagçy.