"Žurnalistlere gysyş gynandyrýar"

Et dükany, Aşgabat

Türkmenistanda soňky günlerde Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna basyş görkezilýär. Hususan-da, Soltan Açylowa şenbe güni Aşgabadyň “Mir bazarynda” tussag edilip, Köpetdag etrap polisiýasynda iki sagatlap sorag edildi.

Habarçylar Türkmenistanda şu günler elin et satylýan ýerlerde adamlaryň et almak mümkinçilikleri we kynçylyklary barada maglumat taýýarlamaga synanyşýarlar we bazarlarda et almak isleýän adamlardan döreýän uly nobatlar barada açyk gürrüň berýärler.

Türkmen žurnalistlerine gysyş görkezilmegi bilen bagly ýagdaýa dünýäde žurnalistleriň hak-hukuklaryny goraýjy “Serhetsiz Reportýorlar” halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça wekili Ýohan Bir şeýle baha berýär:

Ýohan Bihr

Ýohan Bihr: Žurnalistleriň bolup geçýän wakalara syn etmek we muny hasaba almak üçin öz işini ýerine ýetiren wagtynda tussag edilmegi düýpden kada laýyk gelmeýän bir ýagdaýdyr we ol metbugat azatlygyna wehim salýar. Gynansak-da, bu ýagdaý Türkmenistanda geň bir zat däl. Dünýäde metbugat azatlygy boýunça biziň soňky hasabatymyza görä, Türkmenistan ýene-de 180 ýurduň arasynda 179-njy ýeri eýeleýär.

Türkmen žurnalistleriniň ýüzbe-ýüz bolan soňky ýagdaýy ýurtda işlemäge synanyşýan garaşsyz zurnalistler üçin şertleriň iňňän agyrdygy barada habar berýär. Bu ýurtda bolup geçýän wakalar barada habar bermegiň örän agyr iş bolup galýandygy, dürli howplaryň döräp durýandygy örän gynandyrýar. Žurnalistlere ýene-de basyş edilmegi Türkmenistan üçin geň bir zat bolmasa-da, örän aladalandyrýar. Munuň özi kadaly demokratik ýurtlarda bolmaýan bir ýagdaýdyr.

Azatlyk Radiosy: Ýohan, Türkmenistanda žurnalistleriň syýasat ýa howpsuzlyk ýaly meseleler bilen bagly bolmadyk, hatda et söwdasy ýaly gündeki durmuşa degişli ýönekeý temadan maglumat taýýarlamagyna-da häkimiýetler tarapyndan garşylyk görkezilmegi nämäni aňladýar? Siz muňa nähili düşünýärsiňiz?

Ýohan Bihr: Žurnalistleriň dokumentleşdirmäge synanyşan meselesi türkmen ykdysadyýetiniň kämil däldigini we ilatyň gündelik durmuşyndaky kynçylyklary görkezýär. Bu bolsa, ýurduň gülläp ösýändigini we abadandygyny aýdyp, syýasaty wasp edýän häkimiýetleriň ilat üçin möhüm meselelere ýeterlik üns bermeýändiginiň, kemçilikleri çözmeýändiginiň üstüni açýar. Şeýlelikde ýurduň bazarlaryndaky problemalary tassyklaýan soňky maglumatlar hem tankytlara ýol açýar. Türkmenistanyň häkimiýetleri bolsa ýurduň içinde-de, daşynda-da öz adyna tankytlaryň bolmagyny düýpden islemeýär.