Türkmen görnüşleri - 50-nji hepde
Mary welaýatynyň obalarynyň birinde samanly haltasyny tigire ýükläp, ekin meýdanyndan gelýän oglanjyk. Türkmenistanda käbir çaglaryň maşagala býujetine goşant goşmak üçin ekin meýdanlarynda işledilýändigi aýdylýar.
Aşgabadyň köçeleriniň birinde bejeriş işlerini geçirýän şadyýan gurluşykçylar.
Aşgabadyň köçelerinde öýsüz-güzarsyz ýatan itler. Ýerli ýaşaýjylaryň berýän maglumatyna görä, köçelerdäki bu itelere ýaşaýjylar tarapyndan iýmit berilýändigi aýdylýar. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanda köçe haýwanlaryny goraýan we olary galar ýaly jaý bilen üpjün edýän ýörite edaralaryň bolup-bolmandygy barada maglumat ýok.
Aşgabatda garry ýaşuly öz agtygyny mekdepden alyp gaýdyp barýar. Türkmenistanda 6 ýaşly çagalaryň okuwa kabul edilip başlanmagy bilen, kiçi çagalaryň öz ýakyn hossarlary, köplenç halatda öz enesi ýa-da atasy tarapyndan okuwdan alnyp gaýdylýandygy habar berilýär.
Aşgabatda käbir ýaşlar öz söýgüsini mälim etmek üçin diwarlarda ýa-da ýaşaýyş jaýlaryň girelgelerinde dürli ýazgylary ýazýarlar.
Mary welaýatynda döwülip, bejerilmän saklanyp galan köçe lampasy. Soňky ýyllarda ýurduň köçeleriniň ençemesinde yşyklandyryş ulgamlarynyň täzelenýändigi, emma şol bir wagtyň özünde olaryň döwülenlerine bolsa o diýen gözegçilik edilmeýändigi aýdylýar.
Oglan bilen gyz öz güýçlerini synaýarlar.
Marynyň köçeleriniň birinde sandan çykan köçe-ýol belgisi. Sebitde käbir köçelere üns berilýändigine garamazdan, ugruna seredilmeýän, hatda zerur ýol belgileri sandan çykan köçeler hem az däl.
Zerur tehniki talaplar berjaý edilmese, elektriň toguň jana uly howp abandyryp biljekdigi baradaky duýduryş.