B.Paniýer: Berdimuhamedow aljyraýar

Prezident G.Berdimuhamedow

Sişenbe güni Aşgabatda Energetika Hartiýasynyň “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi” ady bilen bolan maslahatda prezident G.Berdimuhamedow energiýa serişdeleri bilen baglylykda çykyş etdi.

Muhammad Tahir türkmen prezidentiniň seýrek bellikleri dogrusynda Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça eksperti Brýus Paniýer bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Brýus, siz prezident G.Berdimuhamedowyň çykyşyny diňlediňiz. Siz bu çykyşa nähili garaýarsyňyz?

Brýus Paniýer

Brýus Paniýer: Hawa, [Berdimuhamedowyň çykyşynyň dowamynda] her dürli derejedäki sözler ulanyldy. Emma oňa bir söz bilen kesgitleme bermeli bolsa, bu: panika, ýagny dowla düşmek, aljyraňňylyk.

Azatlyk Radiosy: Berdimuhamedow çykyşynyň bir ýerinde “Energiýa serişdelerini ibermek meselesine syýasy äheň bermek ýol berilmesizdir”, şeýle-de “Sarp edijiniň energiýa çeşmelerini päsgelçiliksiz we erkin saýlap almak hukugyny üpjün etmek esasy wezipedir” diýende, muny türkmen gazyny Ýewropa akdyrmaga mümkinçilik berjek Transhazar proýektini göz öňünde tutup aýdandygyny çaklasa bolýar.

Çykyşynyň başga bir ýerinde ol energiýa serişdeleriniň “ýarag” hökmünde ulanylmaly däldigini hem aýdyp geçýär. Bilşimiz ýaly, häzir Russiýa Günbatary energiýa serişdeleriniň bahalaryny üýtgetmek bilen, munuň özüne garşy ulanylýandygyny aýdyp gelýär. Berdimuhamedow hem bu ýerde Moskwanyň tarapyny tutup çykyş edýäne meňzeýär.

Siz biri-birinden tapawutly bu iki garaýşa nähili baha berdiňiz?

Brýus Paniýer: Hawa, dogry aýdýarsyňyz. Men ýaňam “bu çykyşda her dürli derejedäki sözler ulanyldy” diýip belledim.

Ol öz çykyşynda energiýa öndüriji bilen sarp edijiniň arasyna üçünji tarapyň goşulmaly däldigini aýdan-da, onuň Transkaspini göz öňünde tutandygy köre hasa. Ol muny aýtmak bilen bu proýektiň amala aşmagyny isleýändigini mälim etdi. Ol ýaňky belligi bilen, bu proýekte garşy durýan Russiýanyň we Eýranyň bu proýektiň durmuşa geçirilişi bilen işiniň bolmaly däldigini aýtjak boldy.

Azatlyk Radiosy: Brýus, ol energiýa meselesinde “ýapyk gapylaryň aňyrsynda ylalaşyklaryň bolmaly däldigini” aýtmak bilen, nämäni göz öňünde tutdy?

Brýus Paniýer: Türkmenistan – energiýa öndüriji bir ýurt. Munuň Aşgabat üçin agyr günleri aňladýan bolmagy hem mümkin. Hiç kimiň energiýa serişdeleri üçin artykmaç baha töläsi gelmeýär. Gazyň, nebitiň bahalary galyp başlanda, adamlar energiýa çeşmeleriniň başga ýollaryny gözläp başlarlar.

Saud Arabystany we OPEK nebit önümçiligini häzirki derejede saklajakdygyny mälim edenden soň, dünýäde nebitiň bahasy pese gaçdy. Bilşimiz ýaly, gazyň bahasy hem birnäçe aýdan soň nebitiň bahasynyň yzy bilen üýtgeýär.

Türkmenistan hem gaz öndüriji bolansoň soňky birnäçe aýyň içinde özüniň girdejileriniň kemelmeginden howatyrlanýar.

Prezident W.Putin ABŞ bilen Saud Arabystany dil birikdirip, nebitiň bahasyny aşak düşürip, rus ykdysadyýetine zyýan ýetijek bolýandyrlar diýip pikir edýän bolmaly. Meniň şahsy pikirime görä, bu bir ýalňyş çaklama. Saud Arabystany, şol sanda OPEK hem diňe öz bähbitlerini göz öňünde tutup hereket edýärler. Olaryň häzirki pursatda esasy bäsdeşleri “Shell gas” we “Shell oil”. Bular üçin energiýa resurslarynyň bahasy belli bir derejede bolsa has bähbitli.

Azatlyk Radiosy: Berdimuhamedow öz çykyşynda Russiýanyň tarapyny çalyp çykyş edýäne meňzeýär. Siz bolsa bu çykyşyň diňe Türkmenistanyň öz pozisiýasyndan ediýändigini aýdýaňyz-da, şeýlemi?

Brýus Paniýer: Bu garaýyşlaryň ikisi hem bolup biler. Emma Aşgabat öz ýagdaýy barada has köpräk alada edýärmikä diýýärin.

Her bir hökümet geljek ýylyň býujetini düzmeli. Moskwa öz býujetini nebitiň bahasy 80 dollardan pese düşmez diýen çaklamadan ugur alyp düzdi. Häzir bolsa nebitiň bahasy 64-65 dollar töwereginde. Netijede Russiýa öz býujetine täzeden seretmäge mejbur boldy.

Türkmenistanyň ýagdaýy hem edil şular ýaly. Ýaňky aýdyşym ýaly, birnäçe hepdäniň içinde nebitiň bahasy göz-görtele peseldi. Öňümizdäki 3-6 aýyň içinde gazyň bahasy hem üýtgäp başlar. Şunlukda türkmen hökümeti öňümizdäki ýyl gazdan garaşan girdejisini alyp bilmez.

Ýöne bu ýerde esasy zat şu: ol öz çykyşynda satyn alyjy, näme bolsa bolsun, gazyň kesgitlenen bir bahasyna razy bolmaly diýýär. Ýaňky belleýşim ýaly, sarp ediji “energiýa öndürijini razy etsem bolýar” diýip, şondan artykmaç tölegi töläsi gelmeýär. Bu akyla sygmajak bir zat. Hiç kim, mysal üçin, geljek 20 ýyl üçin, kesgitlenen bir bahadan tebigy gaz satyn almak baradaky ylalaşyga gol goýmaz.