Birnäçe günden bäri ýitirim bolan belarus žurnalisti we harby ekspertiň kärdeşleri žurnalistiň Minskdäki deslapky tussaghanada saklanýandygyny aýtdylar.
8-nji dekabrda “Belaruslar we bazar” atly hepdelik neşiriň žurnalistleri öz kärdeşleri Alýaksandr Lesiniň 25-nji noýabrda tussag edilendigi barada maglumat çap etdiler.
Geçen hepde belarus metbugat serişdeleriniň käbirleri Lesiniň içalyçylyk aýyplamalary bilen tussag edilendigini mälim edipdiler.
5-nji dekabrda Belarusyň Milli Howpsuzlyk komitetiniň metbugat sözçüsi Artur Streh Azatlyk Radiosyna bu barada maglumat bermkeden saklanypdy.