Türkmen görnüşleri - 49-njy hepde
Aşgabadyň 10-njy kiçi etrapçasynyň çägindäki Niýazow proýezdinde ýarylan suw turbalary bejerilýär. Ýurtdan gelip gowuşýan maglumatlarda şuňa meňzeş ýarylýan suw turbalarynyň wagtynda berjerilmän, gijikdirilen halatlarynyň hem seýrek däldigi aýdylýar.
Aşgabatda käbir ýaşajýylaryň köpgatly ýaşaýyş jaýlaryň balkonlarynda öz öý-goşlaryny saklaýandygy aýdylýar. Şol bir wagtyň özünde paýtagt Aşgabadyň käbir protokol köçeleriniň ugrundaky jaýlaryň balkonlarynda öý-goşlary saklamakygyň gadagandygy hem bellenilýär. Suratda Aşgabadyň 30-njy mikroraýonyndaky ýaşaýyş jaýlaryň biri.
Aşgabatda sübse satyp gün-güzeranyny görýän adam, şäheriň jemgyýetçilik awtobusynda bazara sübse alyp barýar. Sübse satýan adamlaryň eklenç aladasy bilen çetki etraplardan ýa-da welaýatlardan paýtagt Aşgabada barýandygy aýdylýar.
Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda ilkinji gar ýagdy. Şol bir wagtyň özünde sowuk howa şertleri sebäpli, 5-nji dekabrda tutuş etrabyň çäginde alty sagatlap elektrik togunyň kesilendigi habar berilýär. Bu ýagdaý döwlet edaralarynda birnäçe sagatlap işleriň soňa goýulmagyna sebäp boldy.
Aşgabatda sowuk howa şertlerine garamazdan, käbir türkmen zenanlarynyň, şol sanda ýaşy gartaşan käbir aýallaryň Aşgabadyň bazarlarynyň töweregindäki çola ýerlerde süýt önümlerini satýandygy aýdylýar. Il arasynda "süýtçi daýzalar" diýlip hem atlandyrylýan zenanlaryň şäheriň çetki etraplaryndan süýt getirip satýandygy aýdylýar.
Paýtagt Aşgabadyň köpçülikleýin ýerlerinde mobil argatnaşyk töleglerini tölemek üçin niýetlenen awtomat enjamlaryň sany köpelip başlady. Bu awtomatlaryň mobil aragatnaşyk telefonlaryň töleglerini tölemek üçin amatlydygyny käbir ýaşaýjylar belleýärler.
Aşgabatda käbir mekdep okwuçylary özleriniň synplarynyň ýa-da mekdepleriniň beýlekilere seredende "has gowudygyny" görkezmek üçin awtobuslaryň oturgyçlarynyň arkalaryna, diwarlara dürli ýazgylary ýazýarlar.
Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýen awtoulaglar bilen bir hatarda sowet döwründen galan ulaglaryň hem hereket edýändigini görmek bolýar.
Aşgabatda türkmen milli egin-eşigindäki ýaşuly köçede gözelenç edýär.
Aşgabadyň awtobus duralgalarynyň käbirlerinde awtobuslaryň haýsy aralayklara gatnaw edýändigini görkezýän enjamlar ýerleşdirilip başlandy. Bu enjamlaryň awtobuslaryň haýsy aralyga gatnaýandygyny bilmek isleýän ýaşaýjylar üçin ýeňillikleri döredýändigi aýdylýar. Suratda Aşgabadyň Magtymguly köçesiniň ugrundaky duralgalaryň birinde goýlan enjamy görýärsiňiz.