Syýasatçy zenan 'garalandym' diýýär

Täjigistanyň ”Yslam galkynyş partiýasynyň” agzasy Galati Barotowa.

Täjigistanyň ”Yslam galkynyş partiýasynyň” zenan agzasy Internetde ýakynda peýda bolan seks bilen bagly dawaly wideoda görkezilen zenanyň özi däldigini aýdýar.

“Bu [wideodaky] men däl we bu wideony taslan adamyň diňe bir maksada, ýagny meni abraýdan düşürmek maksadyna eýerendigi meniň üçin mese-mälim” diýip, 51 ýaşly Galati Barotowa aýdýar.

Ol wideoda görkezilen zenandan tapawutlylykda özüniň alty gezek operasiýa edilendigini we şol operasiýalaryň öz bedeninde yz galdyrandygyny nygtaýar: “Bu zatlaryň ählisini meniň parlament saýlawlaryna gatnaşmakçy bolýandygym üçin etdiler. Bu töhmet”.

Wideo ýazgy

19-njy noýabrda YouTubede peýda bolan wideoda orta ýaşly zenanyň özünden has ýaş adam bilen jynsy aragatnaşykdaky pursaty görkezilýär. Wideoýazgyny erkek ses kommentirleýär we görkezilýän zenanyň Barotowadygyny we onuň ýanyndakynyň bolsa onuň “ýaş erkek” oýnaşydygyny habar berýär.

Alty minutlyk bu wideoýazgyda zenanyň “Yslam galkynyş partiýasynyň” agzasydygy ençeme gezek nygtalýar we Barotowanyň başatgyçly dürli köpçülikleýin çärelere gatnaşan pursatlary hem görkezilýär.

Wideoda gürrüň berýän ses Barotowanyň partiýanyň ady belli agzasydygyny we tutuş ýurt boýunça syýahat edip, partiýanyň regional bölümlerine goldaw berýändigini aýdýar we partiýanyň Barotowany indiki parlament saýlawlarynda dalaşgärler sanawyna girizmek planlarynyň bardygyny habar berýär.

Saýlawlar

Täjigistanyň öňdäki parlament saýlawlary 2015-nji ýylyň fewral aýyna bellenen.

Wideoda “Yslam galkynyş partiýasynyň” logotipleri ençeme sapar görkezilip, partiýanyň ýolbaşçylarynyň we ýörite gulluklarynyň saýlaw kampaniýasynyň gidişinde ýaramaz ýagdaýlaryň ýüze çykmazlygy üçin öňünden öz potensial dalaşgärlerini ahlak taýdan barlamak kararyna gelendigi aýdylyp, “gynansak-da, derňew şeýle aýylganç wakanyň üstünden bardy” diýilýär.

Barotowa wideoýazgyny örän kemsidiji diýip atlandyrdy, emma onuň özüne hiç hili gatnaşygynyň ýokdugyny nygtady.

"Wideodaky zenanyň meniň bilen hiç hili meňzeşliginiň-de ýokdugyny men ýene bir gezek gaýtalaýaryn. Wideodaky zenan menden has ýaş. Bu galplyk” diýip, Barotowa belleýär.

“Yslam galkynyş partiýasy” bu wakada öz agzasy Barotowanyň tarapyny tutdy we ony goldady.

Bu partiýa Merkezi Aziýada resmi hasaba alnan ýeke-täk yslam partiýasydyr. ”Yslam galkynyş partiýasy” Täjigistanyň parlamentiniň häzirki düzüminde iki orny eýeleýär.