Kabul: Söweşijiler bazadan çykaryldy

Owganystanyň resmileri ýurduň Helmand welaýatyndaky esasy bazada owgan howpsuzlyk güýçleri bilen “Talyban” söweşijileriniň arasynda birnäçe sagat dowam eden güýçli çaknyşyklardan soň, söweşijileriň bazadan çykarylandygyny habar berýärler.

Welaýat häkimliginiň metbugat sözçüsi Umar Žwak 28-nji noýabrda beren maglumatynda birsyhly bolmadyk ok atyşygy “Şorabak” harby bazasynyň gündogaryndan hem eşidip bolýandygyny aýtdy.

Mundan öň, Owgan armiýasynyň generaly Gulam Faruk 27-nji noýabrda güýçli ýaraglanan söweşijileriň harby baza hüjümleri başladandygyny mälim edipdi. Gürrüňi gidýän harby baza öňler “Bastion” lageri ady bilen hem tanalýardy.

Bu hüjümiň jogapkärçiliginiň “Talyban” hereketi öz üstüne aldy.

Žwagyň sözlerine görä, çaknyşyklarda 12 söweşiji we iki owgan esgeri öldürilipdir.

“Bastion” harby bazasy Helmand welaýatynyň paýtagty Laşkar Gah şäherinde ýerleşýär. 26-njy oktýabrda Owgan howpsuzlyk güýçleri bazanyň kontrollugyny öz gözegçiligine geçiripdi.