Günbataryň firmalary M.A hökümetlerine kömek etdi diýilýär

Adamlaryň şahsy durmuşyna goşulyşmazlygy wagyz edýän synçy toparyň raportynda Birleşen Ştatlaryň we Ysraýylyň kompaniýalary Merkezi Aziýa ýurtlaryny hökümetiň garşydaşlarynyň we beýleki raýatlaryň aragatnaşyklaryny yzarlamaga aýratyn güýç berýän çylşyrymly gözegçilik enjamlary bilen üpjün etdiler diýilýär.

Düýbi Londanda ýerleşýän “Privacy International” toparynyň 20-nji noýabrda ýaýradan raportynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleri gürrüňi gidýän gözegçilik enjamlaryny öz ýurdundaky “žurnalistleri we aktiwistleri hem-de ýurduň daşyna sürgün edilenleri yzarlamak” üçin ulandylar diýilýär.

“Privacy International” toparynyň raportynyň aglaba bölegi gizlin çeşmelere we resminamalara, şol bir wagtyň özünde hökümet tarapyndan özleriniň şahsy aragatnaşyklarynyň we internet hatlarynyň ele salnandygyny aýdýan aktiwistleriň, žurnalistleriň we sürgünleriň maglumatlaryna esaslanýar.