Türkmen görnüşleri - 47-nji hepde
Marynyň bazarynda paket sanap oturan bir oglanjyk. Kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryň maşgalasyna hemaýat bermek maksady bilen ýurduň dürli künjegindäki bazarlarynda zähmet çekýändigini görse bolýar. Suratdaky oglanjyk bazarda aýlanyp bir-birden paket satýar.
Aşgabadyň köçelerini tämizleýän işçi zenanlar, ýagynly howalarda hem işlemeli bolýarlar. Olary aýaklary rezin ädikli, eginleri ýörite formaly köçelerde synlasa bolýar.
"Awazadan" 200 metr bärde ýerleşýän bir oba zir-zibiliň içinde ýaşaýar. "Awaza" syýahatçylyk zolagyna milliardlarça dollar goýberilip, giňden mahabatlandyrylýan pursady, sebitiň beýleki, hatda 200 metr bärdäki obalary hem ünsden düşürilýär.
Türkmenabat şäherinde daşyny suw basan elektrik transformatory. Türkmenistanyň gyrak bujagyndaky şäherdir etraplarda tehniki howpsuzlyk şertleriniň berjaý edilmeýän pursatlaryny görmek bolýar.
Sübse satýan bir zenan awtobus duralgasynda, sübselerini tertipleşdirýär. Güzeran üçin obalardan sübse getirip satýan zenanlary Aşgabadyň awtobus duralgalarynda häli-şindi görmek bolýar.
Köýtendag zapowediginiň öňündäki bildiriş. Owadan tebigaty, täsin gowaklary we dinozawlaryň aýak yzlary bilen tanalýan bu ýerlere ýeterlik sermaýanyň ýatyrylman, ünsden düşürilýändigini görse bolýar.
Aşgabatda gün-güzerany üçin köçäniň gyrasynda ownuk söwda edýän bir adamyň harydy we terezisi.
Aşgabadyň Andalyp prospekti abadanlaşdyrylýar. Abadanlaşdyrmak ýa-da abatlaşdyrmak bahansy bilen soňky wagtlar kesilýän baglaryň sany köpelýär.