“Mahmal rewolýusiýanyň” türkmenler üçin ähmiýeti nämede?

1989 - "Mahmal Rewolýusiýasy"

1989-njy ýylyň 11-nji noýabrynda Pragada geçirilen ägirt uly protestler Çehoslowakiýanyň kommunistik režiminiň tiz synmagyna we ýurtda demokratiýanyň girizilmegine getirdi. Bu parahatçylykly syýasy öwrülişik “Mahmal rewolýusiýa” ady bilen dünýäniň taryhyna girdi.

Şu gün 25 ýyllygy bellenýän bu taryhy wakanyň öňki sowet respublikasy bolan Türkmenistana nähili gatnaşygy, nähili ähmiýeti bar?

Azatlyk Radiosy bu sowal bilen türkmenistanlylaryň uly we ýaş nesillerine ýüzlendi.

Göni 25 ýyl mundan ozal, 17-nji noýabrda Çehoslowakiýanyň paýtagty Pragada kommunistik režime protest bildirip, köçä çykan studentlere polisiýa tarapyndan basyş görkezildi. Şol günüň ertesi studentleriň parahatçylykly demonstrasiýasyna intelligensiýa wekilleri goşuldy. Birnäçe günüň içinde ýüzlerçe müň adam köçä çykyp, noýabr aýynyň aýagynda Çehoslowakiýanyň kommunistik partiýasy erkin saýlawlary geçirmäge razy boldy. Saýlawlarda käri boýunça dramaturg Waslaw Hawel prezident saýlandy we ýurtda demokratik jemgyýetiň gurluşygy başlandy.

Halkyň erk-islegi bilen diktaturadan demokratiýa geçmegiň parahatçylykly ýol bilen amala aşyrylan we “Mahmal rewolýusiýa” ady bilen dünýäniň taryhyna giren bu syýasy geçişiň Türkmenistan üçin hem öz ähmiýeti bar diýip türkmen intelligensiýasynyň wekilleri belleýärler.

Türkmenistanly ýazyjy, dramaturg Amanmyrat Bugaýew şeýle pikirde:

“Şol wagtky Çehoslowakiýa respublikasynda bolup geçen "Mahmal rewolýusiýa" we şonuň bilen ýaşdaş, diýen ýaly, bir döwürde bolup geçen Berlin diwarynyň ýykylmagy bu dünýäde sosialistik sistemanyň dargaýandygynyň, dargajagynyň özboluşly buşlukçy, habarçysy bolupdy. Şol zatlaryň Ýewropada bolup geçmegem SSSR-iň dargamagyna, SSSR-iň düzümine giren respublikalaryň özbaşdak garaşsyz döwlet bolmagyna gönüden-göni öz täsirini ýetirdi. Biz şony nä ýagdaýda rewolýusiýany parahatçylykly amal etmelidigiň, nä ýagdaýda adamlaryň erk-ygtyýaryny, arzuw-islegini goramagyň dünýä derejesinde mysaly hökmünde göz öňüne getirýärin”.

Şol bir wagtda-da bu syýasy waka barada şu günki türkmenistanly ýaşlaryň ençemesi düýpden bihabar. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan studentler şeýle jogap berdiler.

Azat: Mahmal rewolýusiýa barada, dogrusyny aýtsam, ýadyma düşenok”.

Humaý: “Hiç zat bilemok diýsem, ýerliklidir. Mekdepdäki wagtymam eşitmedik. Birinji gezek eşidip otyryn sizden”.

Türkmenistanly graždan aktiwisti Nurberdi Nurmämmedow dünýädäki oňyn syýasy tejribeleriň beýleki ýurtlar, şol sanda syýasy diktaturaly režimleriň demokratiýa tarap özgermegi üçin iňňän wajyp diýip, pikir edýär:

"Häzir Türkmenistanda şol döwürde Çehiýada bolup geçen "Mahmal rewolýusiýa”"barada hiç hili maglumat berlenok. Emma şol maglumatlar bize häzirem bolsa gerek. Ol biziň täzeden bir öz özbaşdak ýolumyzy kesgitlemegimiz üçin gerek. Öz özbaşdak demokratik ýola düşmegimiz üçin metodika bolup hyzmat edip bilerdi. Döwlet birbada öňki potensialyny täze ýol üçin ulanyp bilýär”.

17-nji noýabr öň umumy bir ýurduň, ýagny Çehoslowakiýanyň düzümine giren Çehiýa Respublikasynda Azatlyk we demokratiýa ugrundaky göreş güni, Slowakiýada bolsa Totalitarizme garşy göreş güni hökmünde bellenýär.