Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyradyň dürli şahyrlardan eden erkin terjimeleri.
Bir zat sorap, garaşsalar jogaba,
Howlukma, darykma, äwmezlige sal.
Üç öwram pikirlen. Diňe şondan soň
Diliň ýarjak bolma – geplemejek bol.
Anri Rene, ýazyjy, Fransiýa
***
Ekdi bolmaz – diýlen – gurt çagasyndan,
Ýallaber, bir gözün tokaýa öwrer.
Näçe para beräý – doýmaz emeldar,
Barybir ýene-de kisäňi çöwrer.
Mişel Ýemelýanow, edebiýatçy, Russiýa
***
Adam her ki zadyň bilmeli wagtyn,
Sogan ysgap ýaş akdyrmaň gözlere.
A-how, ol entejik ölenok ahyr,
Mynasyp bor ýaly oňat sözlere!
Karol Şimanowskiý, žurnalist, Polşa
***
Ömür diýlen sözün manysy näme?
Bu pikir döwnelip, halys boldy lenç.
Men üçin-ä ömür diýlen düşünje –
Baky uka gitmezden öň gezelenç.
Faina Ranewskaýa, artistka, Russiýa
***
Ömür diýlen gadym oýny görmäge,
Öz bähbidin arap gelýär her kişi.
Biri söwdalaşjak, biri ýaryşjak,
Tomaşaçy bolýar diňe bir kişi.
Pifagor, filosof, Gresiýa
***
Durmuş beýle gurlan – öwlüýä barýaň
Topraga bermäge iň eziziňi,
Hemem gutlamaly ýaş toýy bilen
Bütin durkuň bilen ýigrenýäniňi.
Weslaw Brudzinskiý, satirik ýazyjy, Polşa
***
Çägäň ýüzüne ýaz öýke-kinäni,
Ak mermer daşyna ýaz onatlygy.
Ikisiniň tapawudyn bilmeseň –
Toýda gülki, ýasda agy gytlygy.
Per Buast, filosof, Fransiýa