"Adamyň nyrhy tehnikadan pes"

Aşgabat, sübsegär zenanlar

Türkmenistanyň paýtagtynda BMG-niň Ilat fondunyň 2016-2020-nji ýyllara niýetlenen programmalaýyn dokumentleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Turkmenistan.ru internet neşiriniň ýazmagyna görä, bu maslahata türkmen parlamentiniň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşypdyr.

Maslahaty edilen dokumentleriň Türkmenistan tarapyndan hem kabul edilendigi we olarda bilim, saglygy saklaýyş we gender deňligi meselelerine aýratyn ähmiýet berilýändigi aýdylýar.

Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistanda bilim, saglygy saklaýyş pudaklarynda uly işleriň edilýändigi, orta mekdeplerdäki okuwyň 12 ýyllyk düzgüne geçirilendigi, döwrebap enjamlar bilen abzallaşdyrylan täze mekdepleriň gurulýandygy, sport, saglyk desgalarynyň bolsa ýyl-ýyldan köpeldilýändigi barada habarlar çykýar.

Ýöne soňky ýyllar ak mermerli binalara beslenýän Aşgabadyň ýene bir aýratynlygy, elleri sübseli zenanlary hem köp göze ilýär we hatda bu ýagdaý sosial ulgamlarda, daşary ýurtly turistleriň Aşgabat täsirlerindäki suratlarda hem öz ornuny tapyp başlady.

Aşgabat, awtobus duralgasynyň ýokarsyny arassalaýan aýal

Ýogsam bolmasa, Türkmenistanyň daşary ýurtlardan köçe arassalaýan döwrebap tehniki enjamlary satyn alýandygy hem aýdylýar.

Şol bir wagtda, Aşgabatda köçe süpürýän zenanlaryň aglabasynyň öz ýaşaýan ýerlerinde iş tapman, Lebap we Daşoguz welaýatlaryndan gelip, kireýine alnan dar jaýlarda ýaşap, agyr şertlerde, az aýlyga we saglyga zyýanly ýagdaýda işlemäge mejbur bolýandygy barada hem maglumatlar gelip gowuşýar.

Azatlyk radiosyndan Ýowşan Annagurban türkmen paýtagtyndaky sübsegärlik barada aşgabatly publisist Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy. Bu söhbeti diňläp, ýurtda aýal-gyzlaryň iş şertleri, saglyklaryna seretdirmek mümkinçilikleri barada öz pikirleriňizi paýlaşsaňyz, sizden hoşal bolarys.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

"Adamyň nyrhy tehnikadan pese düşýär"