Howpsuzlyk gepleşikleriň üns merkezinde

Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň prezidentleri G.Berdimuhamedow (s) we A.Atambaýew (ç), Aşgabat, 11-nji noýabr, 2014.

Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew Türkmenistana edýän iki günlük resmi saparynyň çäginde 11-nji noýabrda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Resmi maglumatlarda gepleşiklerde ýurtlaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyna degişli dürli ugurlaryň maslahat edilendigi habar berildi.

Atambaýewiň metbugat gullugynyň resmi maglumatyna görä, Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň prezidentleri özara ikiçäk gepleşikde gyrgyz-türkmen hyzmatdaşlygyny söwda-ykdysady, energetika we medeni-gumanitar ugurlardan ösdürmegiň tarapynda çykyş edipdirler. Şeýle-de Almazbek Atambaýew we Gurbanguly Berdimuhamedow halkara we regional meselelere üns berip, Merkezi Aziýa regionynda howpsuzlygy üpjün etmek ugurdan hyzmatdaşlyga degişli meseleler boýunça öz garaýyşlarynyň meňzeşdigini nygtapdyrlar.

A.Atambaýew (ç), G.Berdimuhamedow (s)

​Gyrgyzystanyň “24 kg” atly täzelikler agentligi, G.Berdimuhamedowa salgylanyp, biz “ekstremizme, serhedaşyr guramaçylykly jenaýatçylyga we neşe gaçakçylygyna garşy göreşde sazlaşykly hereket etmek barada ylalaşdyk” diýip habar berýär.

Türkmenistanyň Gyrgyzystan respublikasyny 700 million kilowat/sagat elektrik togy bilen üpjün etmäge taýýardygy barada hem habar berildi. “Geljekde bu eksport milliard kilowat sagat we ondan hem has köp bolar. Elbetde, biz elektrik togunyň Özbegistanyň üstünden tranzit edilmegine degişli meseläni çözeris” diýip, prezident Atambaýewe salgylanyp, “24 kg” agentligi habar berdi.

Energiýa ýetmezçiligini başdan geçirýän Gyrgyzystan Türkmenistandan gaz we elektrik toguny satyn almaga gyzyklanma bildirip gelýär.

Häzirki wagtda Gyrgyzystan elektrik toguny Gazagystandan we Täjigistandan satyn alýar.

A.Atambaýew(ç),G.Berdimuhamedow(s)

Türkmenistanyň resmi maglumatlarynda Aşgabadyň we Bişkegiň BMG, GDA, “Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy” ýaly halkara we regional iri guramalaryň çäginde üstünlikli hyzmatdaşlyk alyp barýandygy habar berildi, şeýle-de ýurtlaryň energetika we transport ýaly strategiki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygynyň ykdysadyýetleriň ösüşine täze itergi bolup biljekdigi nygtaldy. Bu ugurdan Türkmenistan-Hytaý gazgeçirijisiniň Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň üstünden geçjek dördünji (D) liniýasynyň ähmiýeti hem nygtaldy.

Almazbek Atambaýew Türkmenistanda

“24kg” atly gyrgyz habar agentligi, Almazbek Atambaýewe salgylanyp, Aşgabatda Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň prezidentleriniň arasyndaky gepleşikleriň netijesinde dokuz sany dokumente gol çekilip, “geljek üçin berk binýadyň düýbüniň tutulandygyny habar berdi.

Almazbek Atambaýew Türkmenistanyň prezidentiniň çakylygy boýunça Aşgabada sapar etdi.