Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew ikitaraplaýyn energetika hyzmatdaşlygyny maslahat etmek üçin Gazagystana bardy.
7-nji noýabrda Atambaýewiň gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýew we premýer-ministr Karim Masimow bilen duşuşmagyna garaşylýar.
Iki prezident Gazak-gyrgyz döwletara ýokary komissiýasynyň dördünji ýygnagyna ýolbaşçylyk eder. Bu ýygnakda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.
Şeýle-de, gyrgyz we gazak liderleriniň Gazagystandan Gyrgyzystana elektrik üpjünçiligini artdyrmak mümkinçilikleri barada maslahat etmegine garaşylýar.
Gazagystan öňki sowet ýurtlarynyň arasynda, Russiýadan soň, iň köp nebit öndürýän ikinji ýurtdur.