Respublikanlar daşary syýasaty üýtgedip biler

ABŞ-nyň baýdagy Kapitoliý binasynyň öňünde, 2-nji noýabr, 2014.

ABŞ-da Respublikan partiýasy demokratlardan öňe saýlanyp, prezident Barak Obamanyň partiýasynyň agzalaryndan has köp orna eýe boldular.

Sişenbe güni geçirilen orta möhletli saýlawlaryň netijesi indiki ýylyň başynda respublikanlaryň ABŞ-nyň Senatyna gözegçiligi öz eline almagy bilen, prezident Barak Obamanyň daşary syýasatda soňky iki ýylyň dowamyndakysyndan tapawutly bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boljagyny görkezdi.

Respublikanlaryň Kongresiň iki öýüne gözegçiligi prezidentiň administrasiýasynyň esasy iki uly daşary syýasy maksady boýunça hereketlerini çäklendirip biler diýip, Amerikan uniwersitetiniň professory Gaý Ziw aýdýar.

“Bu prezident Obama üçin Eýran bilen bagly gepleşikleriň ikisinde, ýagny Eýranyň ýadro programmasy boýunça gepleşiklerde we Ysraýyl-Palestin parahatçylyk prosesinde görmek isleýän öňegidişligi gazanmakda has köp kynçylyk döredip biler. Gynansak-da, bu meseleleriň ikisi-de ýyllaryň dowamynda Kapitoliý binasynda syýasy oýun hökmünde ulanylyp gelindi” diýip Ziw aýdýar.

Eýranyň ýadro programmasy

Eýranyň ýadro programmasy boýunça gepleşikleriň şu aýyň aýagynda tamamlanmagyna garaşylýar, halkara gepleşiklerini alypbaryjylar Eýrana öz ýadro programmasyny çäklendirmägi ündeýärler we munuň deregine öz tarapyndan ykdysady sanksiýalaryň ençemesini gowşatmagy teklip edýärler.

Senatyň respublikan agzalarynyň ençemesi Tähranyň urany baýlaşdyrmak işini dowam etdirmeginden howatyrlanýar, emma Obama, ABŞ-nyň sanksiýalaryny Kongres tarapyndan makullanmazdan, ýatyrmak ygtyýarlygyna eýe boldy.

Kato institutynyň analitigi Justin Logan, eger respublikanlar Eýrana garşy has güýçli çykyş etseler, ýagdaýyň üýtgäp biljekdigini aýdýar.

“ABŞ-nyň Siriýada aram gozgalaňçylary goldamak ugrunda hereketini haýallykda tankyt eden respublikan senatory John Makkeýniň ýurduň has aktiw harby rol oýnamagy ugrunda basyş etmegi ähtimal” diýip, Atlantik geňeşiniň analitigi Robert Manning aýdýar.

ABŞ Siriýanyň gozgalaňçylaryny türgenleşdirmek we olary enjamlaşdyrmak boýunça programmasyna başlan hem bolsa, bu “Yslam döwletiniň” söweşijilerine garşy göreş meselesiniň çözülendigini aňlatmaýar.

Döwlet departamenti

Döwlet departamentiniň metbugat wekili Jen Psaki ABŞ-nyň diplomatlarynyň Kongrese gözegçilik edýänler bilen deň derejede hyzmatdaşlyk edýändigini aýtdy.

“Döwlet departamenti bitarap edara we biz bir demokratlar, bir respublikanlar bilen işleşýäris, biz şu ugurdan hereket etmegi dowam etdireris” diýip, Psaki aýtdy.

Döwlet sekretary Jon Kerriniň pozisiýasy barada aýdylanda, kampaniýanyň dowamynda, Obamanyň administrasiýasyndaky çeşmelerde salgylanylyp, metbugatda çap bolan maglumatlarda onuň prezidentden “üzňe” daşary syýasatyny alyp barmagynyň tankyt edilýändigi aýdyldy.

Makalanyň asyl çeşmesi: http://www.voanews.com/content/republican-control-of-congress-could-change-obama-foreign-policy/2508908.html