“AI” guramasy Ysraýyly aýyplaýar

Adam hukuklaryny goraýan “Amnesty international” guramasy Ysraýyly şu ýylyň tomus paslynda Gaza zolagynda bolan çaknyşyklarda uruş jenaýatlaryny amala aşyrmakda aýyplaýar.

Düýbi Londanda ýerleşýän “Amnesty International” guramasynyň 5-nji noýabrda ýaýradan raportynda Ysraýyl gür ilatly kenarýaka territoriýalara amala aşyran hüjümlerinde “rehimsiz perwaýsyzlyk” görkezdi diýilýär.

Şeýle-de, raportda “Ysraýyl güýçleriniň içi maşgalalardan doly ýaşaýyş jaýlaryny nyşana almagy bilen parahat ilatdan ençeme palestinalynyň öldürilendigi” bellenilýär.

Ysraýyl “Hamasyň” dolandyryjylygyndaky Gaza tarapyndan Ysraýylyň şäherlerine atylýan raketa hüjümlerine jogap hökmünde iýul aýynyň başynda Gaza hüjümlerini amala aşyryp başlapdy.

Palestinanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň berýän maglumatlaryna görä, bu konfliktlerde 2 müň 100-den gowrak palestinaly, şol sanda parahat ilatdan ençeme adam öldürildi. Bu çaknyşyklarda Ysraýylyň 66 esgeri we parahatdan ilatdan alty raýaty öldi.

Ysraýylyň Daşary işler ministrligi “Amnesty International” guramasy “Hamas tarapyndan amala aşyrylyp, dokumentleşdirilen uruş jenaýatlaryny ýok hasap edýär” diýip, raportyň netijelerini ret etdi.