Türkmenistanyň Lebap, Daşoguz we Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda, Mary etrabynda ýaşaýjylara mellek ýeriniň gumuň içinden ýa-da şor ýerden paýlanyp berilýändigi barada habar berlipdi. Käbir türkmenistanlylar paýlanýan şol mellek ýerleriniň ýaşamaga we ekerançylyga ýarawsyzdygyny aýdyp, nägileligini bildirýärler.
Eýsem, Türkmenistanda giň territoriýalar bar mahaly ilata berilýän mellek ýeriniň çölüň içinden ýa-da şor ýerden paýlanyp berilmegine nähili düşünip bolar?
Azatlyk Radiosyndan Sahra Ghulam Nabi şu we beýleki soraglar bilen gyzyklanyp, aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar