Mary: Şahadatnama sergezdanlygy

Sürüjilik şahadatnamalary

Mary welaýatynyň gündogarynda, iň çetde ýerleşýän etraplary bolan Tagtabazar we Serhedabat etraplarynyň ýaşaýjylary sürüjilik şahadatnamasyny almak üçin ýylyň-ýylyna şol bir problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolup gelýärler.

Agzalýan etraplarda sürüjilik synaglary tabşyrylýan edaralar bolmansoň, ýaşaýjylar degişli okuwyny etrapda tamamlap, sürüjilik rugsatnamasyny almak üçin Mary şäherine gitmeli bolýarlar, Mary bilen agzalýan etraplaryň aralygy 250-300 kilometre barabar.

Kynçylyk sürüjilik şahadatnamasyny almak üçin diňe uzyn ýol söküp Mara gitmek bilen çäklenenok. Okuwçylaryň, umuman aýdylanda, şahadatnamaly bolmak arzuwy bir däl, ençeme synaga çekip bilýär. Bu hem, bir adamyň şahadatnama üçin ençeme gezek Mara gatnamaly bolýandygyny aňladýar.

Bu ýola ençeme gezek gatnap, henizem şahadatnama alyp bilmedik raýatlardan birem tagtabazarly Maksat.

“Sürüjilik synaglary Maryda hepdede bir gezek geçirilýär, irden sagat 9-lara dokumentler kabul edilýär, nobat uly bolansoň, nobatyň ýetse şol gün synaga girýäň, eger işiň ertire galsa, Maryda ýene bir gün galmaly bolýaň” diýip, ol Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Uzak ýol

Maksadyň aýdyşyndan çen tutulsa, agzalan ýagdaýlar sebäpli, sürüjilik ekzamenine gatnaşmak üçin Tagtabazardan ýola çykan biriniň şol günki synaga gatnaşmagy gaty kyn, netijede iki güni göz öňünde tutmaly bolýar. Bu hem uzyn ýol bilen bir hatarda, şahadatnama almaga kandidatlaryň Maryda iki gün galmaly boljakdygyny görkezýär.

Eger dokumentlerde bir kemçilik tapylsa, barybir adamlaryň işi indiki synaga galýar. Synaga gatnaşanlardan käbirleriniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, şeýle problema esasanam ekzamene ilkinji gezek gatnaşýanlarda ýüze çykýar, sebäbi adamlaryň köpüsi Maryda eglenmeli bolmaýyn diýip, synagyň tölegini tagtabazardaky banklara töläp gaýdýarlar, Marynyň sürüjilik mekdebi bolsa bu dokumenti kabul etmän, töleg hakda welaýat merkezindäki Banklaryň biriniň kwitansiýasyny soraýar.

Edil şeýle tejribäni, özüni Serdar diýip tanadan tagtabazarly bir ýigit hem başyndan geçiripdir. Onuň aýtmagyna görä, synaglaryň geçirilýän ýeriniň amatsyzlygy hem problemalardan ýene biri, sebäbi ol edil Mary şäheriniň içinde däl-de, şäheriň çetinde mary-aşgabat ýolunyň ugrunda ýerleşýär.

"Gazanç"

Gürrüňi edilýän bu kösençlikleriň ýylyň-ýylyna dowam etmegi, gazanjyň gözlegindäki käbir adamlaryň bu pursatdan peýdalanmagyna hem ýol açypdyr. Söhbetdeşimiz Serdar ekzamenden öz güýji bilen geçmegiň kyndygyna göz ýetiren soň, ine, şeýle ýagdaýdan peýdalananlardan biri.

“Eger edarada tanşyň bolsa, para bilen ilkinji gezekde geçip bolýar, eger tanşyň bolmasa-da, edaranyň içindäki adamlar saňa tanyş tapmaga kömek edýärler, şeýle hyzmatlaryň nyrhy 500-700 dollar aralygynda, gaýta-gaýta gatnap ýöreniňden gowy” diýip, Serdar Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Elbetde, Serdaryň bu pikirleri barada agzalýan edaranyň işgärleriniň garaýyşlaryny alyp bolmady, paranyň möçberi baradaky gürrüňler biri-birinden tapawutly diýaýmeseň, bu ekzamenden para bilen geçip bolýandygy baradaky gürrüňler halk arasynda giňden ýaýran.

Bir okuwçynyň ilkinji gezek synagy geçip bilmezliginiň sebäbi barada edaranyň işgärleri we okuwçylaryň garaýyşlary biri-birinden tapawut edýär. Tälimçiler okuwçylaryň taýýarlygynyň bärden gaýdýandygyny aýtsa, okuwçylar bolsa bärde bikanun gazanjyň rolunyň bardygyny aýdýarlar.

Emma esasy mesele, iki etraby göz öňünde tutup aýdanymyzda, 170,000 çemesi ilaty bolan bu etraplaryň ýaşaýjylary üçin öz sebitlerinde sürüjilik ekzamenlerini tabşyrmak mümkinçiliginiň näme sebäpden döredilmezligi bilen bagly. Ýogsa, bu zerurlygy ilat arasynda bu ugurdan barha artyp barýan talap hem görkezýär.