Azeri günä geçişligine gowy baha berildi

Ýewropa Bileleşigi Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew tarapyndan yglan edilen günä geçişlige gowy baha berdi.

20-nji oktýabrda ýaýradylan beýanatda Ýewropa Bileleşiginiň Ýokary derejeli wekili Ketrin Aştonyň (Catherine Ashton) we bileleşigiň giňelmek boýunça ýörite komissary Stefan Fuleniň (Stefan Fuele) metbugat sözçüleri günä geçişlik esasynda 80 çemesi tussag, şol sanda azyndan dört sany raýat aktiwisti azatlyga goýberiler diýdiler.

Olar bu ädimi “soňky aýlardaky tendensiýadan yza gaýtmak üçin ädilen ilkinji oňyn ädim” diýip atlandyrdylar we Azerbaýjanyň resmilerine “häzirki wagt türme tussaglygy bilen ýüzbe-ýüz bolýan raýat jemgyýeti guramalaryna degişli beýleki şahslar” üçin hem günä geçişligiň gerimini giňeltmäge çagyryş etdiler.

Ýewropa Bileleşigi, Birleşen Ştatlar we Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary boýunça ekspertleri Azerbaýjanda raýat jemgyýetlerine garşy amala aşyrylýan repressiýany ýazgarypdylar.