Öňümizdäki günlerde türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna sapar etmegine garaşylýar, diýip ýerli çeşmeler habar berýärler. Maglumata görä, prezidentiň welaýata etjek bu saparynyň dowamynda mekdep, çagalar bagy ýaly birnäçe desgalaryň açylyş dabarasy bolar.
Mary welaýatyndan gelip gowuşýan maglumatlarda bu açylyş dabaralaryna taýýarlyk çäreleriniň birnäçe hepde öňünden başlanandygy, oňa mekdep okuwçylarynyň, hünärment mekdepleriniň we ýokary okuw jaýynyň talyplarynyň, käbir döwlet-edara kärhanalarynyň işgärleriniň gatnaşdyrylýandygy aýdylýar.
Bu barada jikme-jik almak üçin Azatlyk Radiosyndan Sahra Ghulam Nabi ýakynda Mary welaýatyna sapa edip gelen radionuň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar