Türkiýede bikanun ýagdaýda ýaşaýan migrantlar üçin günä geçişlik ýaly diýilýän "daşary ýurtlylar baradaky täze kanun" 2014-nji ýylyň 11-nji aprelinde güýje girende, “şu pursatdan peýdalanyp kanuny ýagdaýda Türkiýä dolanaryn” diýen umyt bilen ýurda dolanan türkmenistanly migrantlar köp bolupdy.
Şol kanuna görä, Türkiýede bikanun ýagdaýda ýaşan migrantlar belli bir möçberde pul jezasyny töläp, Türkiýäniň territoriýasyny terk edeninden 90 gün soňra wiza bilen yzyna dolanyp bilýär. Emma bu çäre bilen baglanşykly Türkmenistana dolanan migrantlardan ýek-tük yzyna gaýdyp gelen baram bolsa, uly bir bölegi ýurtdan çykarylmaýandygyny aýdýarlar.
Türkiýeden gidip-de Türkmenistandan çykarylmaýan türkmenistanlylaryň arasynda türke durmuşa çykanlar, ýagny ençeme ýyldan bäri maşgalaly bolup, hat-da türk raýaty bolanlar, ýokary okuw jaýyna girip eline studentlik hatyny alanlar bilen bir hatarda ýönekeý migrantlaryň hem bardygy öňe sürülýär.
Eýsem, "gelerin diýen" umyt bilen Türkmenistana gidip, häzir yzyna dolanyp bilmeýänleriň öňünde nähili bökdençlikler barka? Türkmen resmileri tarapyndan olaryň çykarylmazlygyna nähili delil görkezilýär?
Azatlyk Radiosy, "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanynda "Türkmenistandan çykaranoklar" diýýänler barada gelip gowuşýan maglumatlary göz öňünde tutup, olaryň başdan geçirýän ýagdaýlaryny ele almaklygy göz öňünde tutýar.
Azatlyk Radiosy, hemmeleri öz bilýän maglumatlary, garaýyşlary, teklipleri we bellikleri bilen bu temadaky gepleşige gatnaşmaga hem goşant goşmaga çagyrýar.
Habarlaşmak üçin biziň elektronik hat salgymyz: hat@azatradio.org