Britaniýaly eboladan ölmändir

Makedoniýada ýogalan britaniýaly erkegiň ölümine ebolanyň sebäp bolmandygy belli edildi.

Saglyk ministrliginiň resmisi Jowanka Kostowska 11-nji oktýabrda german laboratoriýasynyň bu wirus boýunça geçiren derňewiniň negatiw bolandygyny aýtdy.

Ol britaniýaly, ebola wirusynyň käbir alamatlary görnenden soň, Skopýe hassahanasyna eltilipdi we 9-njy oktýabrda ýogalypdy.

Ebola wirusy 4 müňden gowrak adamy öldürdi, onuň pidalarynyň agramly bölegi Günbatar Afrika degişli. Ispaniýada, Afrikadan daşarda ebola wirusy ýokuşan ilkinji adam hasaplanýan şepagat uýasy agyr keselländen soň, 14 adam garantinde ýerleşdirildi.