Türkiýe: Siriýada gury ýer operasiýasy geçirilmez

NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg (çepde) we Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Jawusoglu. Ankara. 9-njy oktýabr, 2014 ý.

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Jawusoglu çykyş edip, öz ýurdunyň Siriýanyň demirgazyk sebitlerinde “Yslam döwleti” toparynyň söweşijilerine garşy özbaşdak gury ýer operasiýasyny geçirmejekdigini aýtdy. Ol munuň “hakykatdan üzňe bir hereket” boljakdygyny hem belledi.

Jawusoglu bu baradaky beýanatyny 9-njy oktýabrda Ankarada NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg bilen geçiren metbugat ýygnagynyň dowamynda etdi.

NATO we ABŞ Türkiýä çagyryş edip, ondan goňşy Siriýada we Yrakda “YD” söweşijilerine garşy söweşe gatnaşmagyny artdyrmagyny soraýarlar.

Jawusoglu ABŞ-nyň amala aşyrýan howa zarbalaryny Ankaranyň goldaýandygyny mälim etdi. Bu aralykda “YD” söweşijileri Türkiýäniň Siriýa bilen serhediniň golaýyndaky kürtleriň Kobani şäherini gabawda saklaýarlar.

Şeýle-de Jawusoglu “YD” garşy göreşde diňe howa zarbalarynyň ýeterlik däldigini hem aýtdy. Türk resmisi öz ýurdunyň gury ýer operasiýalaryny özbaşdak geçirmejekdigini nygtasa-da, bu ugurda “ähli mümkinçilikleriň, şol sanda gury ýer operasiýasynyň” hem göz öňünde tutulmalydygyny aýtdy.

Ýörite zona

Jawusoglu Siriýanyň demirgazyk sebitlerinde “howpsuzlyk zonasynyň we uçuş gadagançylygy zonasynyň” ornaşdyrylmagyny Ankranyň goldaýandygyny aýtdy.

Emma Stoltenberg 9-njy oktýabrda eden çykyşynda Siriýanyň içinde howpsuz zonany ýa-da uçuş gadagançylygy zonasyny ornaşdyrmak barada “häzirlikçe NATO-nyň hiç bir gepleşiklerinde gürrüň edilmändigini” aýtdy.

9-njy oktýabrda Stoltenberg Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan, premýer-ministri Ahmet Dawutoglu, goranmak ministri Ismet Ýylmaz we ýurduň baş komandowaniýesiniň ýolbaşçysy general Nejdet Özel bilen hem duşuşyklary geçirdi.

Kobani

Stoltenbergiň saparyndan öň, ýagny 8-nji oktýabrda ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa Kobaniniň töweregine sekiz gezek howadan zarba urdy.

ABŞ-nyň Merkezi komandowaniýesi ähli görkezijileriň sebitiň kürt söweşijileriniň gözegçiligindedigine güwä geçýändigini aýdýar.

Siriýanyň kürt söweşijileri Kobaniniň dolulygyna “YD” jeňçileriniň eline geçmeginiň öňündäki soňky böwet bolup durýarlar.

Şol bir wagtda-da Türkiýäniň özi hem soňky otuz ýylyň dowamynda ýurduň günorta sebitlerindäki kürt separatistleri bilen göreşip gelýär. Ankara gönümel çaknyşyklara girmän, kürt söweşijileri bilen “YD” jeňçileriniň Kobani üstünde özara söweşmeklerine ýol açdy.

Ankara öz esgerlerini Kobanini goramak üçin ugratmajakdygyny mälim edenden soň, Türkiýäniň kürtleriň köpçülikleýin ýaşaýan sebitlerinde, şeýle-de Stambulda we Ankarada protestler boldy.