Heläkçiligiň taryhy bolarmy?

Aşgabat ýertitremesi, 1948. Arhiw suraty

Türkmen halky Matam gününi belleýär. Aşgabat ýertitremesiniň bolup geçenine 66 ýyl doldy. Ol pajygaly hadysa resmi we resmi däl ýagdaýda, indi 65 gezek ýatlanýar.

Belli sene

Bu diňe türkmen halkynyň taryhynda däl, eýsem dünýä tejribesinde hasaba alnan iň ýowuz hem köp pidaly tebigy betbagtçylyk saýylýar.

1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda, gije 1 sagat 12 minutda Aşgabatda we onuň töwereginde ägirt güýçli ýer asty sarsgyn bolup geçýär. Sarsgyny şol wagtda dünýäniň köp seýsmik merkezleri hasaba alypdyr.

Ol “Aşgabat ýertitremesi” diýen at bilen taryha girse-de, aslynda sarsgynyň episentri Aşgabadyň 25 kilometrlik günorta-gündogar tarapynda bolupdyr.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa institutynyň direktorynyň ylmy işler boýunça öňki orunbasary, belli fizik Muhammet Şirmämmedowyň ýazmagyna görä, ýer yranmanyň episentri takyk aýdylanda, Gäwers obasynyň günorta-günbataryndaky baýyrlykda ýerleşýär. Alym şol hadysadan 20 ýyl geçenden soň hem baýryň üstüniň şol böleginiň sürlen ýere meňzäp durandygyny ýazýar.

Ýeriň süýşen bölegi hem aşaklygyna uzalyp gidýän, giňligi ýarym metr çemesi jaýrygyň emele gelendigini bu alym ýazýar. Ol ýerde wulkana çalymdaş tümmejikleriň bardygyny we olardan suwuň çykandygyny belleýär.

Tebigatyň gazaby

Ýertitreme netijesinde, golaýdaky obalar doly weýran bolupdyr. Meselem, öňki Änew obasynda diňe köçeleriň ugry galypdyr. Şol töwerekdäki obalarda ýaňadan dikeldere zat bolmansoň, obany taşlap, başga ýerden mekan tutýarlar.

Türkmen sowet ensiklopediýasynyň ýazmagyna görä, ýertitremäniň güýjy episentrde Rihteriň 12 bally ölçeginde 10 çemesi boludyr.

Änewde, Aşgabat şäherinde, Guryhowdanda, Gyrtlyda 9 bal, Gorjawda, Büzmeýinde, Gökdepede, Yzgantda 8 bal, Bokurdakda, Arçmanda, Kakada 6 bal, Tejende, Bamyda 5 bal, Maryda, Çärjewde, Daşoguzda, Nebitdagda 4 bal bolupdyr. Garaz, ol sarsgyn ýurduň bar ýerinde bildiripdir.

Şeýle-de bolsa, ol tebigy heläkçiligiň pidalarynyň sany we näçeräk ýitgi bolnadygy barada takyk maglumatlar köpçülige aýan edilmedi.

Gaýtam, ony unutmaga çalyşdylar.

Hatyra

Bu tebigy heläkçilik barada 50-nji ýyllarda Berdi Kerbabaýew bir hekaýa ýazypdy.

Tebigy betbagtçylyk bolan döwürde Aşgabatda işläp ýören rus ýazyjysy Lazar Karelin “Ýeryranma” diýip, gowy roman döretdi. Ol birnäçe gezek Moskwada çap boldy. Şeýle-de bolsa, bu hadysa türkmen medeniýetinde ýa-da metbugatynda öz beýanyny tapmady.

Köp ýyllap Aşgabat ýertitremesi baradaky maglumatlar aýdylman gelindi. Heläkçilikden galan harabalar milletiň gözüniň alnynda bolsa-da, hiç kim ondan söz açmaýardy. Netijede, ençeme şaýatlar aradan çykdy.

Heläkçilikden 40 ýyl soňra, baryp 80-nji ýyllaryň aýagynda Aşgabat ýertitremesinde heläk bolanlara ýadygärlik diklemeli diýen mesele orta atyldy. Bu ugurda birnäçe konkurs hem geçirildi, ýöne ýadygärlik goýmak üçin, mynasyp bir işi saýlap bilmediler.

Şol döwürde şahyr Nury Baýramow Aşgabat heläkçiligi barada poema ýazdy. Aktýor hem ýazyjy Baba Annanow “Ak at” atly gowy powest döretdi.

L.W. Kareliniň “Ýertitreme” romanyny Toýly Meredow türkmen diline terjime etdi.

Umyt

Yurt Garaşsyzlyga çykandan soň, aýratynam şol ýertitremede ýetim galan S. Nyýazow döwlete baştutan bolanda, millet bu ugurdan köp zada garaşypdy. Emma S. Nyýazow özüniň hem ejesiniň ýadygärligini diklemekden başga zada üns bermedi. Nyýazowyň çagalygy – ýeryranma barada alnan film hem prezidentiň göwnünden turmady.

Adamlarda Änewde gurulýan muzeý kompleksi ýeryranmanyň pidalaryna bagyşlanar diýen umyt döräpdi. Ýok, ol agyr heläkçiligiň däl-de, ak bugdaýyň muzeýi boldy.

Aşgabat ýertitremesine degişli bar bolan taryhy maglumatlar, dokumentler köpçülige ýetirilmedi.

Şeýlelikde, bu mesele düýpli öwrenilmän, ýene çala galdyryldy. Gaýtam, S. Nyýazowyň hem onuň töweregindäkileriň dilinde, hiç bir fakta esaslanmadyk, dürli maglumatlar peýda bolup başlady.

Ýatlama

Owaly bilen öňki edilen işler türkmen diline terjime edilse, maksada laýyk bolardy. 1968-nji ýylda “Ylym” neşirýaty “Сeйсмичноть Tуркменистана”, ýagny “Türkmenistanyň seýsmik ýagdaýy” atly ylmy makalalar ýygyndysyny çap edipdi. Dürli ýatlamalar çykypdy. Sowet Soýuzynyň Gahrymany, ýaşlygyny Aşgabatda geçiren, belli ýazyjy W. Karpowyň ýatlamalaryny, alym Muhammet Şirmämmedowyň ýatlamsyny we beýleki ylmy hem populýar işleri ýörite kitap edip çykaryp bolardy.

Aşgabat ýertitremesi barada takyk maglumatlara еsaslanýan ýörite ensiklopediýany çap etmäge bireýýäm wagt ýerdi. Sebäbi Aşgabatda, umuman, Kesearkaçda ýer titreme häli-şindi bolup durýar. Halkyň bu tebigy hadysa barada ýeterlik maglumat almakgyly gerek.

Wagtlaýyn çäreler üçin sarp edilýän çykdajylaryň şeýle işlere gönükdiriljegine umyt edýäris.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy. Bu ýerde aýdylanlar awtoryň şahsy pikiri.