Gurbansoltanyň kulty
Paýtagtda aýrylan “Ene mähri” ýadygärligi. Bu ýadygärlik 2000-nji ýyllaryň başlarynda dikilip şol wagt Nyýazowyň ejesine sejde edilýän esasy obýektiň biridi. Nyýazowyň ölümine çenli bu ýadygärlige gül desseleri goýulýardy.
Adalat köşgüniň öňünde goýulan Femida obrazyndaky Gurbansoltanyň ýadygärligi. 2001-nji ýylda Nyýazow “adamlaryň köpsanly haýyşlary boýunça” Adalat köşgüniň öňünde Gurbansoltan ejäniň ýadygärligi bolar diýip aýdypdy.
Paýtagtdaky öňki Bagt köşgüniň ady hem Gurbansoltan ejedi. Häzir bu binada paýtagtyň ZAGS-y ýerleşýär. Bu binanyň ady üýtgesede onuň köne adynyň ýazgysy hem-de onuň öňündäki Gurbansoltanyň ýadygärligi galypdyr.
Nyýazow döwründe “Gurbansoltan eje” adyny göteren žurnal indi “Zenan kalby” diýip atlandyrylýar.
Paýtagtdaky uly prospektleriň biri Gurbansoltan eje prospekti. bu prospektiň ugrunda S.Nyýazowyň Ruhy metjidi we onuň hem-de onuň ýakynlarynyň mawzoleýi hem ýerleşýär. Häzir bu prospektde düýpli abatlandyryş işleri geçirilýär. Käbir maglumatlara görä, şol işler tamamlanandan soň bu prospektiň adynyň hem üýtgedilmegi ähtimal.
Nyýazow döwründe 1948-nji ýyldaky ýertitremäniň pidalarynyň hatyrasyna geçirilýän esasy çäreler Gypjakdaky Gurbansoltanyň ýadygärliginde geçirilýärdi.
Paýtagtdaky Türkmenistan kinokonsert merkezi öň Gurbansoltan eje adyny göterýärdi. Emma birnäçe ýyl mundan ozal bu kinoteatrda düýpli abatlaýyş işleri geçirilip onuň ady “Türkmenistana” çalşyldy.
Şu ýylyň fewral aýynda Gurbansoltan eje ordeniniň ady Zenan kalby ordeni diýilip çalşyldy. Bu orden öňem häzirem esasan köpçagaly enelere berilýär.
Öň Leniniň aýaly Nadežda Krupskaýanyň adyny göteren ýüpek fabriginiň adyna hem Gurbansoltanyň ady dakyldy. Bu fabrik häzirem Gurbansoltanyň adyny göterýär.