Delegatlaryň käbiri aeroporta barýarkalar özlerine hüjüm edilendigini aýtsalar, beýlekileri aeroportda rus gümrük işgärleriniň öz pasportlaryny zaýalandyklaryny aýdýarlar.
Gürrüňi gidýän bu adamlar 22-nji sentýabrda öz işine başlan BMG-niň Ýerli halklaryň ýagdaýlary boýunça geçiýän Dünýä konferensiýasyna gatnaşmak üçin ýola çykypdylar.
Krym tatarlarynyň aktiwisti Nadir Bekirow Russiýanyň basyp alan Krym ýarymadasynda 18-nji sentýabrda Simferopoldan Janköýe barýarka öz üstüne ýüzi nykaply adamlaryň hüjüm edendigini aýdýar. Bekirowyň sözlerine görä, ýüzi nykaply adamlar onuň barýan taksisini durzup, elinden zor bilen pasportyny alypdyrlar.
Krymyň ýerli halkyny öwreniş we goldaw beriş merkeziniň başlygy Bekriow Janköýden otly arkaly Kiýewe aşyp, ol ýerden hem Nýu-Ýorka uçmakçy bolandygyny aýdýar. Emma häzir, pasporty elinden alnandan soň, bu planlarynyň puja çykandygyny gürrüň berýär.
Pasport sahypalary
Rus mediasy delegasiýanyň düzümindäki beýleki bir tatar aktiwisti Gaýana Ýükseliň hem pasportynyň Janköýden Kiýewe barýan pursaty konfiskasiýa edilendigini aýdýar. Bu aralykda Demirgazygyň ýerli halkyna goldaw beriş merkeziniň başlygy Rodion Sulýandziga 18-nji sentýabrda paýtagtyň Şeremetýewo halkara aeroportynda öz pasportynyň konfiskasiýa edilendigini aýdýar.
Gümrük resmileri Sulýandziganyň pasportynda, hamana, bir sahypanyň ýetmezçilik edýändigini öňe sürüpdirler. Bu wakanyň bolan gününiň ertesi şol bir Merkeziň beýleki bir wekili Natalýa Naýkançina hem şular ýaly ýagdaýa duçar bolýar.
Rus habar serişdeleriniň berýän maglumatyna görä, gümrük gullugynyň resmileri Naýkançinanyň pasportyny alyp gidip, bir salymdan soň yzyna gaýdyp berenlerinde, pasportyň ençeme sahypasy ýitirim edilipdir.
Kola ýarymadasynyň Saami parlamentiniň başlygy, ençeme bökdençliklere duçar bolsa-da, Nýu-Ýorka aşyp bilendigini aýdýar. Walentina Sowkina 20-nji sentýabrda aeroporta ugramak üçin Murmanskidäki öýünden çykan mahaly, onuň ulagynyň tekerini zaýalapdyrlar. Ol näsazlygy düzedip ýola düşenden soň hem, iki gezek ýol gözegçilik gullugy tarapyndan saklanlyp, sorag edilipdir.
Sowkina munuň netijesinde Nýu-Ýorka uçmaly uçaryndan gijä galandygyny. Şol sebäpdenem soňra Norwegiýanyň üsti bilen Nýu-Ýorka aşmaly bolandygyny aýdýar.
Rus resmileri bu wakalar boýunça resmi beýanat bilen çykyş etmediler.
Media habarlaryna görä, Russiýadan gatnaşmaly 28 adamlyk delegasiýanyň düzüminden diňe 23 wekil Nýu-Ýorka baryp bilipdir.
Düýbi Kazanda ýerleşýän adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Agora” atly merkeziň başlygy Pawel Çikowyň Azatlyk Radiosynyň Rus gullugyna aýtmagyna görä, Kreml ýurtdaky ýerli halkyň wekilleriniň daşarky dünýä bilen gönümel aragatnaşyk gurmagynyň öňüni aljak bolýar. Onuň belleýşi ýaly, ýurtdan çykarylmadyklaryň ählisi diýen ýaly Moskwanyň iň ýiti tankytçylarydyr.
Çikowyň sözlerine görä, Ukrainadaky krizisden soň Kreml “federalizasiýa, özygtyýarlyk ýaly meselelere juda hüşgärlik bilen garap başlapdyr”.
Russiýada umumy sany ýüzlerçe müňden birnäçe milliona çenli ýetýän 180 töweregi etniki toparlar ýaşaýar.