Ýazyjylar, žurnalistler nämeden köp ölýär?

Iş stolunyň başyndaky adam

21-nji asyrda internetiň, ýokary tehnologiýalaryň çalt depginde ösmegi hereketsiz ýaşaýşy endik edinen adamlaryň sanyny hasam artdyrýar. Şonuň üçinem jemgyýetiň iň hereketsiz gatlagynyň birini hem ýazyjylar emele getirýär: ýagny ol gatlakda ýazyjylar, şahyrlar, žurnalistler bar. Eýsem, olara şeýle ýaşaýyş endigi sebäpli haýsy hassalyklar we nähili ölümler howp salýarka?

1. Ateroskleroz we infarkt (ýürekden tutma)

Munyň esasy sebäbi ýazyjy we žurnalistleriň ýaşaýyş üçburçlygydyr: kompýuteriň öňünde ýa-da iş stolynda ençe sagatlap işlemeklik, agşamlary dostlar bilen oturylşyk edip, içgi içip, ýagly naharlar iýip (ýene-de oturan ýerinde) we sport bilen meşgullanmazlyk. (Ulag sürmeklik we öýe geleniňden soň telewizoruň öňünde "özüňden geçmekligi" hem muňa goşmak bolar)

Eger uzak ömürden nesibämi alaýyn diýän bolsaňyz, ýaňky ýaly ýaşap 55-60 ýaşdan köp ýaşaryn diýip umyt edibem oturmaň.

Şeýle adamlarda gan aýlanşygy ýuwaşlap, ganda holesterin derejesi hem ýokary bolýar. Netijede semizlik artýar, damarlaryň daşynda hem ýag gatlagy emele gelýär.

Damarlaryň içi hem şeýle daralýar welin, ýürege gerek bolan gan geçip bilmeýär. Bu bolsa ýürek ýollarynyň kislorodsyz galyp, hatardan çykmagy netijesinde infarktlary, ýagny ýürek tutmany döredýär.

2. Jynsy gatnaşyk güýjüniň gowşamagy we prostatit

Eger bedende gan aýlanşygy gowşasa, onda jynsy organda hem gan mukdary azalýar. Çakdanaşa semizlik jynsy gatnaşyk güýjüniň birinji duşmanydyr. Deriniň aşagyndaky ýag gatlagy zenan garmonlarynyň - estrogenleriň sanyny artdyrýar. Bu bolsa erkek adamyň garmonlarynyň - endrogenleriň azlykda galmagyna sebäp bolýar. Ýagny erkek adam "zenanlaşmaga" başlaýar. Şeýlelikde, erkek adamyň özi islemese-de, aýal-gyzlara gyzyklanmasy günsaýyn azalýar.

Gasykda gan aýlanşygynyň azalmagy hem erkek adamda jyns organynda emele gelýän prostatit mäzi bilen baglanşykly hassalyga, ýagny prostatite sebäp bolýar. Prostatit mäziniň göwrümi ulalan mahaly, buşukmada dürli kynçylyklar we bozuklyklar emele gelýär.

3. Oňurga hassalyklary

Esasanam osteohondroz, skalioz. Oturyp ýaşamaklygy endik edinen adamyň oňurgasyna has köp agram düşýändir. Munyň netijesinde oňurga çanaklary, kykyrdaklar zaýalanýar. Oňurga näsazlygy adamy operasiýa mejbur ýagdaýa getirip bilýär. Hatda has ösen günbatar ýurtlarynda hem oňurga operasiýalarynyň şowly boljagyna we gowy netije berjegine güwä geçilmeýär (oňurganyň içinde oňurga ýiligi ýerleşýändir). Şeýlelikde, siz galan ömrüňizi maýyp arabasynda geçirmäge duçar galyp bilersiňiz.

4. Bagyr sirrozy

Munyň esasy sebäbi alkagolly içgidir. Sirroz bagyrda uzak wagtlap dowam eden hatarly iriňleme netijesinde emele gelýär. Bagyr adamyň bedenine girýän zyýanly maddalaryň gana geçmeginiň öňüni alýan organdyr. Alkagoluň hötdesinden gelmeklik hem onuň işidir.

Bagyr tebigy ýagdaýda öz-özüni oňarýan organdyr. Alkagolly içgi içilenden soňam bagyr özüni oňarýandyr. Emme alkagolly içgi yzgiderli içilen halatynda bagryň muňa wagty we güýji ýetýän däldir. Şeýlelikde, bagyr iriňlemesi çaltlanýar.

Ahyrynda bagyr öz işleýiş aýratynlygyny ýitirýär we şonda ýeke-täk umyt bagryň çalşylmagyna galýar. Muny bolsa her ýurtda etmeýärler we çykdaýjysam elli müň dollar bolýar.

5. Öýken çişme keseli

Munyň esasy sebäbi çilim çekmeklikdir. Çilimiň tüssesinde altmyş görnüşde rak keseline sebäp bolýan madda bardyr. Radon radioizotoplary, nitrozamin we benzopiren olardan käbirleridir.

Bu zäherli maddalar bilen meýletinlikde uzak wagtlap dem almaklygyň netijesinde öýkende aýylganç çiş emele gelýär (öýken keselinden ölenleriň ýarysyndan köpüsi öýken çişme pidalarydyr).

Öýken çişme keseli howpuny özi çekmese-de, çilim çekýänleriň tüssesinden dem almaklyk hem artdyrýandyr.

Öýken çişme keseline duçar bolanlaryň diňe ýüzden 15 bölegi ölümden sypyp bilýär. Ol hem öýkendäki çiş döräp başlan mahaly bilnen halatyndadyr.