Bir gezek: Orus uzakçyl däldir

Adamyň karikaturasy.

Başa barmadyk gopgun

Bir gezek ýazyjylar Çary Aşyrow bilen Nurberdi Pomma restorana barýar. Ofisant olaryň buýran naharyny getirýär. Däde Pomma naharyň duzuny dadan dessine “Naharynyň duz-tagamy ýok. Işdäň alar ýaly däl. Nahary iýjek däl. Restoranyň direktoryny çagyryň” diýip, goh edýär. Çary aga:

-Pomma, janyňy ýakyp, goh-galmagal etme! Çagyrsaň, elbet-de, direktor geler, ýöne barybir bu nahary iýmez -diýip, ony köşeşdiripdir.

Göwünlik

Geljekki ýazyjylar Ýylgaý Durdyýew bilen Gurbangylyç Hydyrow Türkmen Döwlet uniwersitetinde okaýan wagty studentleriň umumy ýaşaýyş jaýynyň bir otagynda bile ýaşaýan eken. Günlerde bir gün umumy ýaşaýyş jaýnyň komendanty olaryň ýaşaýan otagyna gelýär. Onuň milleti rus eken. Ol rus dilinde “Oglanlar, bizi barlamaga komissiýa geljek. Kirlän prostynlary, ýassykdaşlary tizden-tiz maňa beriň. Ine, men tämizlerini getirdim -diýip, rusça aýdýar.

Gurbangylyç aýdylany berjaý edýär. Ýylgaý şol wagt krowadyň üstünde ýüzün ýatyp goşgy ýazýan eken. Ol komendantyň haýyşyny eşitmezlige salýar. Komendant 3-nji gezek haýyş edende Ýylgaý bildigiçe rusçalap:

-Ne myşaý, ýa poýet, ýa lirik (Azar berme, men lirik şahyr) -diýýär. Boýy 2 metr çemesi uzyn, deşli komendant gazaba münýär. Ol boýy kelte Ýylgaýyň ýakasyndan mäkäm ebşitläp tutup ýokara galdyryp “Ty, ne lirik, a porosýonok (Sen lirik däl, sen jojuk) - diýýär. Aýagy ýerden üzülip, ho-ol, ýokarda hallan atýan Ýylgaý:

-Gurbangylyç, daýaw göwräň bar, kömek et, bu orus meni bogup öldürjek -diýip, krowadyň ütünde äwmän oturan kursdaşyny kömege çagyrýar. Äwmezek (has takyg-a ýalta) Gurbangylyç:

-Ýylgaý, gaýrat et! Orus uzakçyl däldir, basym ýakaňy goýberer -diýip, oňa göwünlik beripdir.

Nägilelik

Ussat ýazyjy Berdinazar Hudaýnazarow entek öylenmänkä, sallah ýaşaýan wagty dosty şahyr Halyl Kulyýewe “Halyl, hökümet maňa bu golaýda jaý-kwartira berjek däl. Gaýrat et, maňa kireýine ýaşar
ýaly muzdy arzan jaý tapyp ber” diýip, haýyş edipdir. Halyl 4 gatly jaýyň 1-nji etažyndan oňa jaý tapyp beripdir. Aradan esli gün geçipdir. Halyl Berdinazaryň sallahhanasyna, kireýine ýaşaýan jaýna myhmançylyga gelýär. Berdinazar:

-Halyl, jaý eýesi depämde, ikinji gatda ogly bilen ýaşaýar. Her gün depämden suw akdyrýarlar. Özüm arz etmäge çekinýän, jaylaryndan çykarmagy mümkin. Olar seň köne tanyşlaryň, bu ýagdaýy sypaýçylyk bilen duýdursana -diýip, haýyş edipdir. Halyl:

-Berdinazar, jaýa ujypsyzja kireý muzduny töleýäň. Şol azajyk tölegiň üçin depäňden arak-şerap akyrsynlarmy? -diýip, hezil edip gülüpdir.

Toplan Amanmyrat BUGAÝEW.