'Berdimuhamedow 7 ýyllap nirededi?'

Ozalky prezident S.Nyýazow (ortada) we şol wagtky saglyk ministri G.Berdimuhamedow.

Türkmenistanda häzir saglyk pudagyna işgärleriň gözlenýändigi, şeýle-de ozalky prezident Saparmyrat Nyýazow döwründe işden boşadylan lukmanlaryň hem yzyna alynýandygy barada habarlar gowuşýar.

Azatlyk Radiosy häzir daşary ýurtda işläp ýören türkmenistanly aýal, owalky lukman Maral bilen Türkmenistanyň prezidenti G. Berdimuhamedowyň S.Nyýazow döwründe işinden aýrylan saglyk işgärlerini yzyna, öňki hünärlerine dolap getirmek baradaky teklibini, garaýyşlary hakdaky pikirini bilmek üçin onuň bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Maral, siz, ynha, Türkmenistandan gaýdyp, daşary ýurtda işläp ýören saglyk işgärlerinden biri. Türkmenistanyň owalky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ýurduň saglyk pudagynda geçiren reformasy sebäpli işsiz galandygy aýdylýan müňlerçe saglyk işgärleri häzir nirede?

Maral: Nyýazow şonda saglyk pudagynda owaldan bäri işläp gelýän tejribeli kadrlary işinden aýryp, olaryň deregine esgerleri işe goýdy. Hassahanalar edil harby lagerlere meňzedi. Türkmenistanda işinden boşadylan we ýagdaýy bolan saglyk işgärleri tiz wagtda ýurdy terk etdiler. Galanlaram, kimsi öýünde işsiz otyrdy, kimsi bazarlarda zat satmaga synanyşdy, kim ýene bir ýerde söwda-satyk edip, güzeranyny dolandyrdy. Olar diňe bir öz hünärini ýadyndan çykarman, eýse geljekki pensiýasyndan, ýagny hormatly dynç alyş aýlyk hakyndanam mahrum boldular. Türkmenistanda täzeden bir işe durmak üçin tanyş tapyp, para bermeli.

Azatlyk Radiosy: Häzirki wagt Türkmenistanda Nyýazow döwründe işden aýrylan lukmanlaryň hem yzyna alynýandygy aýdylýar. Siz muňa nähili baha berýärsiňiz?

Maral: Türkmenistanda Saparmyrat Nyýazow häkimýetbaşyndaka, häzirki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem onuň ýanynda işleýärdi. Diýmek, lukmanlaryň hem hekimleriň işden kowulmagyny olar bilelikde durmuşa geçirdiler.

Türkmenistanyň prezidenti we owalky saglyk ministri Gurbanguly Berdimuhamedow ýedi ýyllap kürsüde otyrka, näme üçin şol işinden kowlan bigünä lukmanlary we hekimleri yzyna getirmedi?

Indi, bolan wakanyň üstünden 10 ýyl geçenden soň, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu teklibi absurda meňzeýär. Türkmenistanyň owalky Saglyk ministri, 7 ýyl prezident bolup oturandan soň, indi oýanýar. Bu hadysa gaty gülkünç. Nyýazow döwründe işden kowlan şol lukmanlary we hekimleri indi nireden tapmaly?

Meniň pikrime görä, Türkmenistanyň häzirki prezidentiniň öz işinden göwni suw içmeýäne meňzeýär. Boş gürrüň nämä gerek? Ilki iş görkez we iş ber. Başarmasaň, özüň işiňden git. Ana, şonda Türkmenistanyň saglyk pudagynyň ýitgileriniň öwezi dolar.

Azatlyk Radiosy: Onda, siziň pikriňizçe, häzirki lukmanlary yzyna almak kampaniýasy kime nähili bähbidi bolarka, kime peýda getirerkä?

Maral: Eger şeýle permana gol çekilse, mundan ne halk, ne-de Türkmenistanyň saglyk pudagy peýda görer. Sebäbi giden pursat gaýdyp gelmez. Birinjiden, aradan on ýyl geçmegi bilen adamyň hünäre bolan ukyplylygy ýitýär.

Ikinjiden, adam özüni, maşgalasyny eklemek üçin başga bir hünäre uýgunlaşýar. Nyýazow döwründe işinden boşadylan şol lukmanlaryň we hekimleriň köpüsi daşary ýurtlarda, ýagny Russiýa Federasiýasy, Türkiýe we beýleki ülkelerde öz ugrundan iş tapyp, işläp ýörler. Olar gaýdyp Türkmenistana gelip, öz boýunlaryna täzeden diktatoryň hamydyny atmazlarmyka diýýärin. Bu sebäpden açyklamadan gözlenýän peýda ol hem diňe prezidentiň öz etmişlerini ýuwmarlamakdyr diýip pikir edýärin.