Türkmenistanda ýokary bilimli saglyk işgärleriniň, hususan-da maşgala wraçlarynyň ýiti ýetmezçilik edýändigi, şol bir wagtda ozal işden çykan ýa dynç alyşda ýören lukmanlaryň hem işe çagyrylýandygy aýdylýar.
Mälim bolşy ýaly, ozalky prezident Saparmyrat Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllarynda bir topar saglyk öýleri ýapylyp, saglyk işgärleri köpçülikleýin işden boşadyldy. Mundan başga, ýurt içinde saglyk ugrundan ýokary bilim almak mümkinçiliginiň hem azalandygy, işine ökde wraçlaryň onlarçasynyň, iş şertleriniň ýaramazlygy zerarly, başga ýurtlara çykyp gidendigi aýdylýar.
Aýdylmagyna görä, soňky ýyllarda daşary ýurtlara «saglyk syýahatyna» gidýän türkmenistanlylaryň sanynyň köpelmegi hem şu ýagdaý bilen bagly.
Resmi metbugatda wraçlaryň boş duran iş ýerleri barada maglumat berilmegi häkimiýetleriň, nähilem bolsa, bu meseläni boýun alýandygyny görkezýär.
Azatlyk radiosy bu ýagdaý bilen gyzyklanyp, Lebapdaky habarçysy Osman Hallyýew bilen söhbetdeş boldy.
Eger bu söhbeti diňläp, Türkmenistanda saglyk pudagynyň ýagdaýy, lukmanlaryň iş şertleri, hassalaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada öz pikirleriňizi, tejribeleriňizi paýlaşsaňyz, sizden minnetdar bolarys.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar