Nädip çagyraýyn?
Ýaş çatynjalaryň özbaşdak öý-işik bolup ýaşap başlanynyň 2-nji güni gelni “Ezizim, seni aşhana “Nahar taýyn boldy” diýip çagyraýynmy ýa-da “Nahar bişirdim” diýip çagyraýynmy?” diýip, ärinden soraýar. Äri:
-Düýnki ýaly boljak bolsa “Ezizim, nahary ýakdym” diý-de çagyraý -diýipdir.
Boýunalma
Mugallym “Agöýliýew, öý işiňi kakaňa işletdiňmi? Men ol bilen mekdepde bir klasda okadym. Onuň poçerkini tanaýaryn” diýýär. Okuwçy:
-Öý işi kakamyň ruçkasy bilen ýazdym. Belki, şonuň üçin onuň poçerkine meňzeşdir -diýipdir.
Ýalňyz çykalga
Iki boýdaş duşuşýar. Biri beýlekisine “ Ol gün “Lukmana barjak, özümi barlatjak “ diýdiň. Bardyňmy, näme diýdiler?” diýip, sowal berýär. Boýdaşy:
-Bardym, “Tizräk ZAGS-dan geçip nikalaş, bolmasa ile masgara bolarsyň” diýdi. Ikimiziň “Köriçege bolaýmasyn” diýen çakymyz ýalňyş eken -diýipdir.
Endik
Täzelikde işe alynan iş stolunda oturan dessine gulagyna pagta dykýar. Ol bilen bir kabinetde oturmaly kärdeşi “Näme, gulagyň agyrýarmy?” diýip soraýar. Täze işe gelen:
-Iş stolunyň başynda otyrkam barmaklarym bilen stoly tyrkyldatmak endigim bar. Şol tyrkyldyny eşitmezlik üçin gulagyma pagta dykýan -diýipdir.
Medeniýetli diňleýjiler
Ilkinji gezek operada rol oýnan ýaş aýdymçy opera tamam bolandan soňra “Ariýany aýdyşymy niçik gördüň, ezizim?” diýip, gelinliginden soraýar. Gelinligi:
-Oňat, juda oňat, ezizim! Ariýany aýdyp başlan wagtyň seň belent owazyňa ýer boşatmak üçin diňleýjileriň ençemesi tomaşa zalyndan çykyp gitdi. Medeniýetli adamlar sungatyň pida talap edýänine düşünýär -diýipdir.
Il içinden çöplän, taraşlan Amanmyrat BUGAÝEW.