Günbatar ýaranlary 14-nji sentýabrda Siriýada britan kömek işgärini jezalandyryp öldüren «Yslam döwleti» toparyna garşy barha güýçlenýän kampaniýa alyp barmagy wada berdiler.
«Yslam döwletiniň» jeňçileri 13-nji sentýabrda britan kömek işgäri Deýwid Heýnsiň kellesiniň kesilişini görkezýän wideoýazgyny ýaýratdylar. Olar bu hereketlerini Britaniýanyň demirgazyk Yrakda jeňçilere garşy söweşýän kürt peşmergesine ýarag iberendigi üçin ar alyş diýip atlandyrdylyr.
Britaniýanyň Daşary işler edarasy 14-nji sentýabrda entek özüniň bu wideonyň asyl nusgadygyny kesgitlemek üstünde işleýändigini aýdanam bolsa, britan premýer-ministri Deýwid Kameron Heýnsiň öldürilmegini «arassa şer» diýip atlandyrdy we ganhorlary tutmak üçin elden gelen zady etjegini aýtdy.
Kameron 14-nji sentýabrda hökümetiň adatdan daşary maslahatyny çagyrdy we oňa ýurduň ýokary derejeli harbylary we howpsuzlyk ýolbaşçylary hem gatnaşýar.
Bu maslahatda Britaniýanyň harbylarynyň jeňçilere garşy planlaşdyrylan hüjüme goşulmagy barada barha güýçlenýän çagyryşlara esasy üns berilmegine garaşylýar. Bu plan geçen hepde Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama tarapyndan yglan edilipdi.
Awstraliýanyň premýer-ministri Toni Abbot 14-nji sentýabrda Birleşen Ştatlary, Türkiýäni we 10 sany Aýlak arap döwletini öz içine alýan halkara koalisiýa goşulmak üçin 600 esger we 10 sany harby uçar taýýarlaýandygyny aýtdy.
Abbot YD jeňçilerini «ölüm kulty» hökmünde näletledi.
Fransiýanyň prezident edarasy Heýnsiň öldürilmegi halkara jemgyýetçiliginiň YD jeňçilerine garşy näme üçin jemlenmelidigini görkezýär diýdi.
Fransiýa 15-nji sentýabrda Yrak boýunça geçirilýän halkara konferensiýa beýemçilik eder.
Şu aralykda ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Parižde koalisiýany giňeltmegiň tagallasyny edýär.
Türkiýäniň pozisiýasy
AP habar gullugynyň maglumatyna görä, Türkiýe NATO ýaranlaryna özüniň ýuwaşlyk bilen sahnanyň arkasynda durjagyny, esgerlerini söweş operasiýalaryndan daşarda saklajagyny we NATO ýaranlaryna türk bazalaryny howa zarbalaryny urmak üçin ulanmaga bermekden ýüz öwürjegini aýtdy.
Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň režimine oppozisiýada durýandygy we «Yslam döwletiniň» jeňçileriniň onlarça türk raýatyny, şol sanda diplomatlary zamunlykda saklaýandygy üçin, Türkiýäniň pozisiýasy çylşyrymly. Şeýle-de Ankara jeňçilere garşy söweşde Türkiýäniň pitneçi kürt azlygyny güýçlendirmekden ätiýaç edýär.
Geçen hepde ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri we goranmak sekretary Çak Heýgel, Aýlak arap döwletleri bilen "Yslam döwleti» toparyny ýazgarýan we oňa garşy söweşmegi wada berýän beýanata gol çekmekden ýüz öwrenligi sebäpli, Türkiýä basyş görkezmek üçin Ankarada boldy.
Obama Waşingtondan ýaýradan beýanatynda Londan we döwletleriň giň koalisiýasy bilen Heýnsi öldürenleri jogapkärçilige çekmek üçin işlejekdigini aýtdy.
Ozalky iki wideoda amerikan žurnalistleriniň kellelerini kesen kişä çalym edýän kellekeser Britaniýanyň ABŞ bilen ýaranlygy «siziň dargamagyňyzy çaltlaşdyrar» we britan halkyny «ýene bir ganly, ýeňip bolmajak urşa” çeker diýdi.
Wideoýazgynyň ahyrynda ganhor britan raýaty diýlip atlandyrylan ýene bir ýesiriň adyny agzap, onuň jezalandyryljagyny aýdýar.