Obama “YD” barada täze strategiýany öňe sürdi

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama 10-njy sentýabrda çykyş edip, “Yslam döwleti” atly guramanyň söweşijilerine garşy basyş üçin täze strategiýany kesgitlejekdigini aýtdy.

Bu beýannama ABŞ-nyň Yrakda “Yslam döwletiniň” söweşijileriniň ýerleşýän giňişliklerine howadan zarbalary güýçlendiren güni edildi. Yslamçy söweşijiler Anbar welaýatynda Haditha bentinde Yragyň hökümet güýçlerini gabapdy.

Şol bir wagtyň özünde-de Arap Ligasy “Yslam döwletiniň” söweşijilerine garşy “ähli zerur çäreleri” amala aşyrmagy wada berdi.

Arap Ligasynyň daşary işler ministrleri 7-nji sentýabrda Kairde geçirilen öz maslahatynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň geçen aýda kabul eden rezolýusiýasyny makulladylar. Rezolýusiýa agza döwletleri “Yrakda we Siriýada yslamçy ekstremist toparyna daşary ýurtly söweşijileriň, maliýe we beýleki ýardamlarynyň öňüni almaga” ündeýär.