Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň öz döwletlilik taryhlaryny kiçeldip aýdan sözleri gazaklaryň arasynda gaharly reaksiýalary döretdi.
"Gazaklaryň hiç wagt döwletliligi bolmandy" diýip, Putin 29-njy awgustda bolan duşuşykda açyk aýtdy.
Ol gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýewi «ozal hiç wagt döwlet bolmadyk territoriýada» bir döwlet döreden adam hökmünde häsiýetlendirdi.
Putin ösen senagata we kämil tehnologiýa eýe bolan uly Rus dünýäsiniň çäginde galmak gazak halkynyň bähbidine bolar diýen pikiri öňe sürdi.
Putin bu sözleri Kremliň howandarlygyndaky Seliger ýaşlar lagerinde guralan sorag-jogap mahalynda aýtdy. Mundanam başga, bu sözler dyzmaç rus syýasatçysynyň Orsýet Ukraina bilen çözlüşenden soň Gazagystana hem üns bermeli diýen gününiň yz ýanyna gabat geldi.
Özüniň milletçilikli we jynsparaz çykyşlary bilen ýakasyny tanadan Wladimir Žirinowskiý Gazagystanda rus adyny göterýän bir topar şäheriň bardygyny hem agzap geçdi.
Ýaşuly gazak deputaty Maulen Aşimbaýew Putiniň Gazagystanyň döwletliligi baradaky sözleri «nädogry» diýdi.
Aşimbaýew Gazagystanyň döwletliligi 13-nji asyrdaky Altyn ordadan uç alýar diýdi.
Emma muňa garamazdan, kanun çykaryjy Putiniň sözleriniň umumy edilen gürrüňden bölünip alynmaly däldigini hem belläp geçdi.
Aşimbaýewiň Astanadaky žurnalistlere aýtmagyna görä, Putiniň sözleri birden dilden sypan zat we öňünden taýýarlanan beýanat däl.
Emma bu ýönekeý gazaklary köşeşdirip bilmedi. Olaryň käbiri sosial ulgama çykyp, adamlary Putine taryh kitaplaryny ibermäge hem-de gazak taryhyndan sapak bermäge çagyrdy.
Beýleki birleri bolsa öz gahar-gazaplaryny prezidente we Žirinowskä gönükdirdiler.
"Putin... ýüzüni ýylmadandan soň öz diline kontrollugyny ýitirdi" diýip, Gazagystan_Online ýazdy.
Putin - "Putler"
Sosial mediada Astanadan “Gazak» tarapyndan tarapyndan ýerleşdirilen teswir bolsa, Putini «Putler» diýip atlandyrýar. Putin bu lakamy mart aýynda Orsýetiň Ukrainanyň Krym ýarymadasyny birtaraply anneksiýa etmesinden soň gazanypdy.
"Putin Nazarbaýew şindi sagdyn we gujurly diýdi. Eger biz Nazarbaýewiň syýasatyny dowam etdirsek, Putin bize degjek däl. Emma biz ukrainler ýaly garaşsyzlyk pikirinde bolsak, onda bize-de şeýle ykbal garaşýar. Şeýlelikde, biz öz ykdysadyýetimizi, dilimizi, döwletliligimizi ösdürmeli däl... Nazarbaýew ýaş nesle şuny öwredýär. Biz hemişelik gul bolup galmaly. Putler tabyn, ümsüm, akmak gullarynyň bolmagyny isleýär."
Azatlyk we Azat Ýewropa radiosynyň Gazak gullugynyň websaýtynda hem bir anonim okyjy şuňa meňzeş teswir galdyrypdyr:
"Putin Gazagystanyň döwletliliginiň Orsýete ygrarlylyga baglydygyny açyk aýtdy. Özem ol bu gazaklaryň bähbidine diýip pikir edýär. Eger ol ýerde wepadarlyk bolmasa, döwletlilik bolmaz... Eger olar ukrainalylary aýap goýmasalar, biz nämä garaşmaly? Netijede, Žirinowskiniň aýdan zatlary boş ritorika däl-de, syýasy programma bolup çykýar."
Tanymal gazak syýasy eksperti Aýdos Sarym, eger rus liderleri bu ritorikany dowam etseler, Orsýetiň «Merkezi Aziýadaky ýalňyz ýaranyny» hem ýitirjegini duýdurdy.