Daşkent: “YD” söweşijileriniň baýdagy asyldy

“Yslam döwleti” atly söweşiji toparyň gara baýdagy, Daşkent, 28-nji awgust, 2014.

Özbegistanyň polisiýasy Daşkentde “Yslam döwleti” atly söweşiji toparyň gara baýdagyny köprüden kimiň asandygyny anyklamak üçin onlarça adamy sorag etdi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy bu baýdagyň Daşkentiň Ýunus-Abad etrabynda 28-nji awgustda irden, Özbegistanyň garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda asylandygyny Özbegistandaky ençeme çeşmeden anyklady.

Baýdak bu ýerde ençeme sagadyň dowamynda asygly durup, polisiýa habar berilenden soň aýryldy we derňewler başlandy. Polisiýa köçe süpürijileri, golaýdaky bazaryň söwdegärlerini we taksi sürüjileri hem golaýdaky gyzlar üçin yslam mekdebinde okaýan okuwçylary sorag etdi.

Daşkentde 1999-njy ýylyň 16-njy fewralynda bolan ençeme bomba partlamalaryndan soň özbek häkimiýetleri yslam ekstremizminiň alamatlaryny ýok etmek boýunça çäre görüp, yslamçy toparlara agza bolmakda ýa goldaw bildirmekde güman edilenleri jezalandyrdylar.

Siriýada we Yrakda “Yslam döwleti” atly söweşiji toparyň düzüminde özbekleriň hem söweşýändigi barada habar berilýär. Soňky wagtda Özbegistanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ençeme raýatlary “Yslam döwleti” toparynyň düzüminde söweşmek üçin Siriýa bardy.

Awgustyň aýagynda “Yslam” döwleti atly söweşiji toparyň lideri Abu Bakr al-Bagdadi täjik milletlini Siriýada söweşijileriň goly astyndaky uly al-Rakka regionynyň “emiri” edip belledi.