"Aşgabat türkmen doganlaryna ýardam bermeli"

Soňky wagtlarda Siriýada, Yrakda we Owganystanda bolup geçýän çaknyşyklaryň ol ýerde ýaşaýan etniki türkmenlere hem öz täsirini ýetirýändigine üns çekilýär.

Günbatar habar serişdelerinde Yragyň Beşir obasynda “Yslam döwleti” diýilýän toparyň jeňçileri tarapyndan 700 töweregi etniki türkmeniň, şol sanda çagalaryň we aýallaryň öldürilendigi hakynda habarlar çykdy.

Şol bir wagtda dünýä metbugatynda Siriýadaky etniki türkmenleriň hem dürli kynçylyklara sezewar bolýandygy, Owganystanda ýaşaýan türkmenleriň-de “Talyban” howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy barada dürli habarlar peýda bolýar.

Munuň bilen baglylykda resmi Aşgabat hiç bir beýanat bilen çykyş etmän gelýär. Eýse, Türkmenistan başga ýurtlardaky kyn ýagdaýa düşen etniki türkmenlere nähili kömek edip biler? Bu barada dünýä tejribesi näme diýýär?

Bu sorag dogrusynda Azatlyk Radiosy bir döwletiň başga ýerlerdäki öz azlyklaryna hemaýat etmekliginiň praktikasy barada owal milli azlyklar boýunça bilermen bolup işlän we bu temada ylmy işler alyp baran, häzir bolsa hormatly dynç alyşdaky azlyklar boýunça bilermen Remzi Ataman bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Remzi Ataman, siz azlyklar barada nirede, nähili işler etdiňiz?

Remzi Ataman: Owal başda efirleriňizde işiňiz ileri bolsun diýýärin. Men 1980-nji ýyllardan başlap döwlet işgäri wezipesinde milli azlyklar babatda Türkiýäniň Ministrler Kabinetinde işledim. Wezipäm bilen baglanyşykly dünýäniň käbir ýurtlarynda işledim.

Şeýle-de Ahyska, ýagny mesheti türkler we uýgur azlyklary bilen baglanşykly sosiologiýa magistratura ylmy işini goradym. Işlän ýurtlarymyň arasynda mende has çuňňur täsir galdyran ýurtlar Gazagystan we Gyrgyzystan boldy. Häzir hormatly dynç alyşda Antaliýada ýaşaýaryn.

Azatlyk Radiosy: Jenap Remzi Ataman Türkiýäniň başga ýerlerdäki öz milli azlyklaryna hemaýat praktikasy hem tejribeleri barada diňleýjilerimize maglumat beräýseňiz?

Remzi Ataman: Bir döwletiň başga ýerlerdäki öz azlyklaryna hemaýat praktikasy hem tejribeleri temasyndan Türkiýe barada söz açylanda, hemme zatdan owal şuny gowy bilmeli. Türkiýe döwletiniň daşarky syýasatynda başga ýerlerdäki öz azlyklary, doganlyk halklar baradaky syýasaty we praktikasy M. K. Atatürküň respublikany döreden mahaly kabul edilen ýörite kadalary bilen kesgitlenendir.

Türkiýäniň daşary syýasatynda öz türk azlyklary we doganlyk halklar bilen baglanyşykly ähli hemaýat işleri şol kadalara görä durmuşa geçirilip, dowam etdirilýär. Öz tejribelerimden ugur alyp aýtmaly bolsam, Türkiýäniň başga ýerlerdäki öz azlyklary baradaky hemaýat praktikasy iki esasda durmuşa geçirilýär.

Praktikanyň birinji esasynda, M.K.Atatürküň hem edişi ýaly, öz azlyklaryny we doganlyk halklaryny ýaşaýan çykgynsyz ýagdaýda galan dartgynly sebitinden alyp, Türkiýä göçürip getirýär. Olaryň adaty türk raýaty ýaly Türkiýede ýaşamaklygyny ýola goýýar. Muňä Bolgariýa ýaly Balkan sebitindäki ýurtlardan we Owganystandan göçürilip getirilen azlyklary mysal getirip bileris.

Azlyklara hemaýat praktikasynyň ikinjisiniň esasynda, ejir çekýän azlyklar Türkiýä göçürilip getirilmän, olara azlyklaryň we doganlyk halklaryň öz ýaşaýan ýerlerinde maddy we ruhy goldawlar, kömekler hem ynsanperwerlik ýardamlary berilýär. Olaryň dini we medeni aýratynlyklarynyň goralmagy üçin gerek bolan esbaplar, enjamlar we materiallar görnüşinde ýardamlar berilýär.

Azlyklaryň öz ene dilini goramagy üçin gerek bolan kitap ýaly serişdeler bilen bir hatarda ol ýerlere mugallymlar iberilýär. Türkiýäniň azlyklara we doganlyk halkara berýän hemaýatynyň aglaba bölegi praktikada ynsanperwerlik ýardamy görnüşinde bolýar. Türkiýe döwletiniň öz doganlaryna edýän hemaýaty, elbetde, diňe ynsanperwerlik maksatly bolýar.

Azatlyk Radiosy: Jenap Remzi Ataman, azlyklara hemaýat praktikasyna bir mysal hökmünde Türkiýäniň soňky wagtlarda, ylaýta-da Ahyska, ýagny mesheti türkler barada durmuşa geçiren hemaýat işleri barada hem maglumat beräýseňiz? Türkiýe mesheti türkler azlygy babatda ýörite kanunlar çykardy we olara Türkiýede ýaşap, işlemekligi üçin käbir aýratyn ýardamlar berildi diýilýär?

Remzi Ataman: Mesheti türklere hemaýat, biziň daşarky syýasatymyzda esasy tagallalaryň biri. Bir türk azlygy bolan mesheti türkler, Stalin tarapyndan dürli ýerlere sürgün edilip, gaty agyr şertlerde ýaşamaga mejbur bolupdyrlar. Olar, beýleki türk we doganlyk azlyklar ýaly, meselem tatarlar ýa-da Balkan sebitindäki türkler ýaly, hemmesi bir ýerde jem bolup, bir güýç görnüşinde ýaşaýan azlyk däl.

Şeýle sebäpden olara aýratyn üns berilmegi gerekdi. Türkiýede mesheti türkler barada bir hemaýat kanuny çykaryldy, ýöne, gynansagam, ol kanun doly durmuşa geçirilmedi.

Muňa Ýewropanyň parlamentiniň kabul eden bir kararyna görä, mesheti türkleriniň Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Russiýa Federasiýasy ýaly ýurtlardan jemlenip, göçürilip Türkiýä däl, eýse Gürjüstanda eltilmek inisiatiwasy päsgel berdi.

Türkiýäniň ýörite çykaran kanuny bilen mesheti türklere ýaşaýyş we iş rugsatlarynyň berilmegini ýeňilleşdirmekligi, meniň pikrimçe, öz azlygyna hemaýat praktikasy taýdan talaplary doly kanagatlandyrmaýar. Meniň pikirime görä, döwletler öz azlyklary üçin ýüzleý çäreleri däl-de, eýsem aýgytlaýjy çäreleri durmuşa geçirmeli diýýärin.

Azatlyk Radiosy: Jenap Remzi Ataman, özüne dünýä türkmenleriniň ata Watany diýýän Türkmenistanyň hökümetiniň dürli ýurtlardaky öz azlyklary barada edýän işlerine siz nähili baha berýärsiňiz?

Remzi Ataman: Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk statusyna gowy düşünýärin. Ýöne Türkmenistanyň dürli ýurtlardaky öz azlyklaryna hemaýat praktikasy temasynda almaly iň gowy we iň parasatly göreldesi goňşusy Gazagystan.

Prezident Nazarbaýew ýurt garaşsyzlygyny alandan soň, öňdengörüjilik bilen öz ýurdundaky gazaklaryň ilat sanyny artdyrmaklyk üçin dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan gazak azlyklaryny Gazagystana ýaşamaga çagyryp, olara raýatlyk berip, öz baýdagy astynda birleşdirdi.

Gazagystanyň öz azlyklaryna eden bu hemaýatyny aslynda men Türkiýe respublikasy döredilen mahaly Atatürküň eden azlyklary çalyşmak praktikasyna meňzedýärin. Atatürk hem respublika täze gurlan mahaly döwleti güýçlendirmek we ösdürmek üçin öz milli azlyklaryndan peýdalandy.

Türkmenistan hem edil Türkiýe we Gazagystanyň azlyklara hemaýat praktikasyndan ugur alyp, öz dünýä türkmenlerine eýe çykyp, hemaýat edip, olary goldap biler we bu onuň hemişelik bitaraplyk statusyna hiç hili päsgel bermez.

Meniň pikrimçe, ýaňky azlyklara hemaýat praktikalary Türkmenistan tarapyndan hem arkaýyn durmuşa geçirilip bilner. Öz azlyklaryňa hemaýat bermeklik Türkmenistanyň bitaraplygyna zyýanly däl. Öz azlyklaryňa hemaýat, ynsanpwerwerlik ýardam praktikasydyr. Döwlet hem edil adam ýaly janly bir organizmdir. Döwleti güýçli saklap, ösdürmek üçin hökmany suratda dürli ýurtlardaky öz milli azlyklaryň bilen gatnaşyklary ösdürmek we olara talabalaýyk hemaýat bermek zerur. Meniňçe, bitarap Türkmenistana öz azlyklary babatda iş ýüzünde Gazagystan ýaly tagallalary durmuşa geçirmäge doly esas bar.

Azatlyk Radiosy: Jenap Remzi Ataman, Türkmenistan hökümeti bitaraplyk statusy sebäpli öz azlyklary bilen gatnaşyklaryny çäkli tutýar diýilýär. Siz muňa nähili garaýarsyňyz?

Remzi Ataman: Men beýle pikir edemok. Ynsanperwerlik maksady bilen berilýän goldawlar hiç wagt bitaraplyk kadalaryny bozmaz. Bu diňe meniň garaýşym däl, eýsem hemmeleriň garaýşy şeýle. Bir ýurduň bitaraplygyna hemmeler hormat goýmaly.

Men özümi Türkmenistanyň bitaraplygyna has köp hormat goýýan biri diýip hasaplaýaryn. Bir adamyň ýa-da döwletiň kömege mätäç, kyn ýagdaýdaky öz azlyklaryna hemaýat etmeginiň ýurduň bitaraplyk syýasatyna nähili zyýan ýetirjekdigine bir bilermen höküminde men-ä düşünip bilemok.

Men şeýle düşünjäni, pikiri kabul edemok. Muňa Türkiýäniň dürli ýurtlardaky öz milli azlyklary bardaky hemaýat praktikasyndan bir mysal getirmek isleýärin. Respublika gurlandan soň Türkiýä başga ýerlerden öz azlyklaryndan müňlerçe adam göçüp geldi.

Türk syýasy hereketine we döwlet býurakratiýasyna ser salsak, döwlet işlerinde täsirli rol oýnap, döwletiň ösmegine uly goşant goşanlaryň başga ýerlerden gelen öz azlyklarymyzdan bolan adamlardygyny görersiňiz.

Türkmenistana başga ýerlerden geljek azlyk türkmenleriň her ugurdan goşant goşjakdygy açyk. Bu Türkiýede hem şeýle bolupdyr. Azlyklaryň ykdysady we medeni özboluşlyklary göçüp gelen ýurdunyň ösüşine uly itergi berer.

Şeýle-da olaryň [goşandy] ýurduň abadanlyk derejesini ýokary göterer. Türkiýe şeýle hakykaty öz azlyklary baradaky hemaýat praktikasynda gördi. Köpsanly syýasy hereketiň öňdebaryjylary Türkiýä Balkan sebitinden göçüp gelen öz azlyklarynyň wekilleri boldular. Şeýlelikde öz azlyklary iş ýüzünde Türkiýä uly güýç berdi.

Türkmenistanyň etniki türkmenleri, ýagny başga ýurtlardaky öz azlyklaryny ýaşaýan ýerinde goldamagy ýa-da öz ýurduna getirmegi, haýsy tarapdan garasaňyzam, gaty bähbitli bolar. Türkmenistan bitaraplyk syýasatyny, elbetde, dowam etdirmeli. Ýöne ynsanperwerlik taýdan Owganystan, Yrak, Siriýa ýaly uruş ýagdaýyndaky ýurtlarda ýaşaýan öz türkmen doganlaryna, ýagny öz milli azlyklaryna ýardam bermelidir.