Etniki türkmenleriň uruş howpy

Siriýa, Aleppodaky etniki türkmenler, 2013.

Soňky wagtlarda metbugatdaky habarlarda Siriýada, Yrakda we Owganystanda bolup geçýän çaknyşyklaryň ol ýerde ýaşaýan etniki türkmenlere hem öz täsirini ýetirýändigine aýratyn üns çekilýär.

Metbugatda şeýle habarlaryň yzgiderli çykmagy halk köpçüliginiň arasynda biygtyýar "Eýsem özüni Yslam döwleti Yrak we Lewant” diýip atlandyran topar Siriýada we Yrakda ýaşaýan etniki türkmenlere nähili howp abandyrýarka we muňa garşy nähili çäreler görülýärkä?” diýen sorag döredýär.

Şonuň ýaly-da, “Talybanyň” soňky wagtlarda Owganystanyň demirgazyk sebitlerindäki hüjümlerininiň ýygjamlamagy bilen, “onuň bu sebitde ýaşaýan etniki türkmenlere ýetirýän täsirleriniň öňüni almak üçin nähili işler edilýärkä?" diýen ýaly sowal döreýär.

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanynda halk köpçüliginiň arasynda dörän şeýle sowallardan ugur alyp, Siriýa we Yrak bilen bir hatarda Owganystanyň demirgazygynda terrorçy toparlaryň hüjümlerine duçar bolýan etniki türkmenleriň soňky ýagdaýlaryny olaryň dürli wekilleriniň gatnaşmagynda ele almak isleýär.

Bu temada gepleşige gatnaşmak, şeýle-de öz teklipdir belliklerini we pikirdir garaýyşlaryny ýetirmek isleýänleriň hat@azatradio.org salgysy arkaly biziň bilen habarlaşmagyny haýyş edýäris.