Şu gün, 23-nji awgustda Aşgabadyň “Parahat-7” mikroraýonyndaky ýaşaýyş jaýlaryň biriniň ýaşaýjylary protest geçirdiler. Onlarça adam jaýlaryndaky sowadyjy enjamlarynyň (kondisionerleriniň) özlerinden birugsat aýrylmagyna garşy närazylygyny bildirdiler.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Azaltyk Radiosynyň habarçysynyň berýän maglumatyna görä, 50-ä golaý adam resmileriň getiren kranlarynyň öňünde bedenleri bilen böwet bolupdyrlar. Häzirlikçe resmileriň sebitden gidendigi aýdylýar.
Mundan bir hepde ozal, ýagny 16-njy awgustda gürrüňi gidýän sebitiň ýaşaýyş jaýlarynda Baba Annanow köçesine bakyp duran split ulgamlaryň aýrylmalydygy barada bildiriş asylyp, şeýle-de ýerli resmiler tarapyndan dilden görkezme berlipdir. Bu talabyň anyk sebäpleri we maksatlary barada takyk maglumat berilmedi.
Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň maglumatyna görä, şenbe güni köçä çykan ýaşaýjylar sowadyjy enjamlaryny aýyrtdyrmajaklaryny öňe sürüp, etrap häkiminiň edarasyna ýöriş geçirmek barada hem çagyryş edipdirler.
Sebitdäki wakalara şaýat bolan Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň maglumatlaryny diňlemek üçin aşaky düwmä basyň.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Soňky gowşan maglumatlara görä, sebite polisiýanyň we howpsuzlyk gullugynyň raýat eşigindäki wekilleri, şeýle-de beýleki resmiler gelip, raýatlaryň nägileligine garamazdan hem split ulgamlaryny aýryp başlapdyrlar.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Myrat Gurban sebitdäki soňky ýagdaýlar barada maglumat berýär.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar