Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň dolandyryjy direktory “Eýran türkmen gazynyň importyny duruzmaz” diýýär.
Hamidreza Arakiniň bu beýanaty geçen hepdäniň başynda Eýranyň nebit ministriniň “Eýran Türkmenistandan tebigy gaz import etmäge mätäç däl” diýen çykyşynyň yzysüre edildi.
"Gatnaşyklaryň hatyrasyna"
11-nji awgustdaky çykyşynda ministr Bijan Namdar Zanganeh “Eýranyň türkmen gazyny ýeke sebäpden, ýagny Türkmenistan bilen syýasy we ykdysady gatnaşyklary saklamagyň möhümliginiň hatyrasyna satyn alýandygyny" belläpdi.
Eýran resmisi 2015-nji ýylyň martynda Eýranyň öz gaz üpjünçiligini 200 milliard kubometr möçberinde artdyrmagy planlaşdyrýandygyny, şol sebepden-de mundan beýläk “türkmen gazyny satyn almagyň zerurlygynyň bolmajakdygyny” öňe sürüpdi.
Belläp geçsek, gürrüňi gidýän eýran resmisi bu çykyşyndan üç aý töweregi ozal “Eýran türkmen gazyny häzirki derejesinde satyn almagy geljekde-de dowam eder” diýipdi.
Zanganeh maý aýynda Tähranda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Hojamuhammet Muhammedow bilen geçiren duşuşygynda “Satyn alynýan türkmen gazynyň bahasyny Eýranda öndürilen önümler bilen töläp başlamaga taýýarlyk görülýändigini” hem sözüne goşupdy.
Indi...
Eýranyň habar serişdeleri agzalan mesele boýunça şeýle ýazýarlar: “Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hamidreza Araki 19-njy awgustdaky çykyşynda Türkmenistandan gaz import etmek beilen, Eýranyň [iki ýurduň arasynda] uzak möhletleýin gaz söwdasyny ösdürmegi maksat ediýändigini tassyklady”.
Emma Araki anyk sanlary görkezmän, şu ýylyň martyndan bäri türkmen gazynyň importynyň möçberiniň azaldylandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.
Bu soňky özgerişleriň fonunda, 20-nji awgustda, Aşgabatda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň prezidentiniň ylym we tehnika boýunça orunbasary we “Aýratyn zehinliler fondunyň” başlygy Suren Sattari bilen duşuşdy.
Resmi metbugatda gepleşiklerde taraplaryň iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň köpugurlylygyna özara gyzyklanmanyň we amatly şertleriň bardygyny belläp, türkmen-eýran gatnaşyklarynyň gumanitar we medeni ugurlarda-da hemmetaraplaýyn ösdürmek barada öz pikirlerini mälim edendigi bellenilýär.
Emma welin, türkmen gazynyň söwdasy barada gürrüňiň edilip-edilmändigi barada hiç hili maglumat berilmeýär.